Türkmenistan bilen Ýaponiýa wodorod energetikasy boýunça ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
Amul Info ·

2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyp, wodorod energetikasy boýunça ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdylar. Duşuşykda tebigy gazdan wodorod öndürmek, metanyň plazma-himiki pirolizini ulanmak, wodorody…
2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň wekilleriniň arasynda wodorod energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek meselelerine bagyşlanan wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň, Ýaponiýanyň Täze energiýa we senagat tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça öňdebaryjy guramasy — «NEDO»-nyň, «Chiyoda Corporation» korporasiýasynyň hem-de Sukuba uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň esasy maksady ýapon hünärmenleriniň gatnaşmagynda uniwersitetiň Wodorod energetikasy merkeziniň barlaghanasyny zerur enjamlar bilen üpjün etmek, ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak, maliýeleşdirmegiň çeşmelerini kesgitlemek we taraplaryň özara borçlaryny anyklamakdan ybarat boldy.
Çäräniň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, professor, tehniki ylymlaryň doktory Baýrammyrat Atamanow çykyş edip, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ylmy-tehniki gatnaşyklaryň barha ösdürilýändigini belledi. Ol ýokary okuw mekdebiniň ylmy-barlag mümkinçilikleri, maddy-enjamlaýyn binýady hem-de Türkmenistanda wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Duşuşykda türkmen we ýapon hünärmenleri wodorod energetikasy boýunça bilelikdäki ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we ileri tutulýan ugurlary kesgitlediler. Olaryň hatarynda tebigy gazdan wodorod ýangyjyny öndürmek, metanyň plazma-himiki pirolizi arkaly wodorod we tehniki uglerod almak, şeýle hem wodorody arassalamak, saklamak, daşamak we peýdalanmak tehnologiýalaryny ösdürmek ýaly meseleler bar.
Mundan başga-da, ekologiýa taýdan howpsuz we ýokary energiýa netijeliligine eýe bolan tehnologiýalary işläp taýýarlamak, bilelikdäki ylmy taslamalary maliýeleşdirmekde hem-de tehniki taýdan goldamakda «NEDO» guramasynyň gatnaşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem «Chiyoda Corporation» korporasiýasynyň tehnologik çözgütleri işläp taýýarlamakda, barlaghananyň we tejribe-senagat infrastrukturasynyň taslamasyny düzmekde goşup biljek goşandy barada pikir alşyldy.
Sukuba uniwersitetiniň binýadynda wodorod energetikasy boýunça hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin okuwlary we ylmy tejribelikleri guramak meselelerine hem üns berildi. Şunuň bilen birlikde, türkmen we ýapon taraplarynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak boýunça indiki ädimler kesgitlenildi.
Duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm ugurlaryň biri-de metanyň plazma-himiki usuly arkaly tebigy gazdan wodorod öndürmek taslamasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak boldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar pikir alyşyp, öňe sürlen başlangyçlaryň iki ýurduň arasyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin ähmiýetlidigini bellediler. Bu gepleşikler Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna innowasion we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem ýaş alymlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlygyna gatnaşmagyny giňeltmek ugrunda möhüm ädim bolup durýar.