ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaý Aşgabada geldi
Amul Info · · asgabat, ashgabat

2026-njy ýylyň 22-nji noýabrynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaý Türkmenistana sapar bilen geldi. Saparynyň ilkinji gününde ol amerikan kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyp, söwda we maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň…
2026-njy ýylyň 22-nji noýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaý Türkmenistana sapar bilen geldi. Bu barada ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy sosial ulgamlardaky resmi sahypalarynda habar berdi.
Amerikaly diplomat paýtagta gelen ilkinji gününde ABŞ-nyň kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşykda söwda we maýa goýumlary babatda bar bolan mümkinçilikler, şeýle hem işewürleriň bu ugurdaky garaýyşlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, saparyň dowamynda Kristofer Landaý Türkmenistanyň ýolbaşçylary, şeýle-de türkmen we amerikan işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşar. Gepleşiklerde energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, hususan-da, Transhazar geçelgesi we TRIPP («Halkara parahatçylyk we gülläp ösüş üçin Tramp ýoly») ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine üns berler.
Şeýle-de taraplaryň söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, sebitara özara arabaglanyşygy pugtalandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.
Aşgabat Kristofer Landaýyň 16–24-nji noýabr aralygynda amala aşyrýan sebit saparynyň soňky nokady boldy. Ol Türkmenistana gelmezinden öň Täjigistanda we Türkiýede saparda boldy.