Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda Gumdag–Etrek awtomobil ýolunyň gurluşygyna girişiler

Amul Info · · balkan

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda Gumdag–Etrek awtomobil ýolunyň gurluşygyna girişiler

Türkmenistanda Gumdag–Etrek awtomobil ýolunyň gurluşygyna ýakyn iki aýyň dowamynda girişmek meýilleşdirilýär. Taslamanyň tejribeli eýranly potratçy tarapyndan amala aşyrylmagyna garaşylýar. Täze ýol ýük daşamalary ýeňilleşdirmäge, serhetýaka infrastrukturasynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga…

Türkmenistan bilen Eýran ulag infrastrukturasyny ösdürmek we üstaşyr gatnawlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýär. Bu ugurda gazanylan möhüm ylalaşyklaryň biri Türkmenistanyň çäginde Gumdag–Etrek awtomobil ýolunyň gurluşygyna ýakyn iki aýyň dowamynda girişmek baradaky karardyr.

Bu barada Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri, Eýran bilen Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara toparynyň egindeş başlygy Farzane Sadegi Türkmenistana saparynyň netijeleri boýunça habar berdi.

Taslamanyň tejribeli eýranly potratçy tarapyndan amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Täze awtomobil ýolunyň gurluşygy ýük ulaglarynyň hereketini ýeňilleşdirmäge, serhetýaka ugurlarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga hem-de halkara awtoulag gatnawlarynyň logistikasyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Eýran wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Awazada türkmen tarapy bilen birnäçe duşuşyk geçirildi. Gepleşiklerde öň gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de ýokary tehnologiýaly inženerçilik-tehniki hyzmatlaryň eksportyny artdyrmak meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen geçirilen duşuşykda hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda demir ýol we awtomobil ulaglary arkaly ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak, serhetýaka terminallarynyň işini kämilleşdirmek hem-de sebitiň üstaşyr mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berildi. Farzane Sadegi serhetýaka terminallarynyň işinde oňyn ösüşiň bardygyny belläp, Türkmenistanyň Ýewraziýada üstaşyr ýükleri geçirmekde möhüm logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuna ünsi çekdi.

Şeýle hem Türkmenistan bilen Eýranyň Azerbaýjan we Russiýa bilen üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk görnüşlerini ösdürmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk halkara ulag ulgamynyň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak we sebitleýin söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek nukdaýnazaryndan ähmiýetlidir.

Gumdag–Etrek awtomobil ýolunyň gurluşygynyň başlanmagy baradaky ylalaşyk iki ýurduň ulag infrastrukturasyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygynyň amaly netijeleriniň biri bolup durýar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýük daşamalaryň şertlerini gowulandyrmaga, serhetüsti ulag gatnaşyklaryny giňeltmäge we Türkmenistanyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini has-da netijeli peýdalanmaga goşant goşup biler.

Источник: Amul Info