«RAF Next Gen Abu Dhabi 2026»: Türkmenistanyň ýaş pälwanlary 7 medal gazandy
Amul Info ·

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Abu-Dabide geçirilen «RAF Next Gen Abu Dhabi 2026» halkara erkin göreş ýaryşynda 7 medal — 3 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medal gazandy. Altyn medallara Yklym Gaýtnazarow, Ydris Melejaýew we Ahmet Baýramow mynasyp boldy.
Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýetginjekler ýygyndysy Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen «RAF Next Gen Abu Dhabi 2026» atly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, jemi 7 medala mynasyp boldy. Türkmen türgenleriniň gazanan medallarynyň üçüsi altyn, ikisi kümüş, ýene ikisi bolsa bürünç medallardyr.
Ýaryşda altyn medallara mynasyp bolan türgenler:
Kümüş medal gazanan türgenler:
Bürünç medallaryň eýeleri:
«Amulinfo» saýtynyň redaksiýasy ýaş pälwanlary halkara ýaryşda gazanan üstünlikleri bilen şeýle-de türgenleri ýaryşa taýýarlan tälimçileri tüýs ýürekden gutlaýar.
Ýaş pälwanlara geljekki ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş etmegi, täze ýeňişleri gazanmagy we Türkmenistanyň sport abraýyny has-da belende götermegi arzuw edýäris!