Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy hindi dili mugallymy wezipesine işe kabul edýär
Amul Info · · asgabat, ashgabat

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy hindi dili mugallymy wezipesi üçin bäsleşik yglan etdi. Dalaşgärlerden hindi dili we edebiýatyny çuňňur bilmek, türkmen we rus dillerinde erkin geplemek hem-de azyndan iki ýyllyk mugallymçylyk tejribesi talap edilýär. Arzalar 2026-njy ýylyň 2-nji noýabryna çenli…
Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy hindi dili mugallymy wezipesi üçin bäsleşik yglan etdi. Bu barada diplomatik wekilhananyň resmi bildirişinde habar berilýär.
Boş iş ornuna Türkmenistanyň raýatlary dalaş edip bilerler. Saýlanan dalaşgär bilen bir ýyl möhletli zähmet şertnamasyny baglaşmak meýilleşdirilýär.
Dalaşgärden hindi dilini we edebiýatyny çuňňur bilmek, türkmen we rus dillerinde erkin geplemek talap edilýär. Şeýle hem kompýuter programmalary, şol sanda MS Word, Excel we PowerPoint bilen işlemek başarnygy bolmalydyr. Hindi dilini okatmak boýunça azyndan iki ýyllyk iş tejribesi bolan dalaşgärlere artykmaçlyk berler.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänler arza, terjimehalyny (CV), pasportynyň nusgasyny we bilimini tassyklaýan resminamalary tabşyrmalydyrlar. Resminamalary Aşgabat şäheriniň Ýunus Emre köçesiniň 1-nji jaýy, Mir 2/1 salgysynda ýerleşýän Halkara işewürlik merkeziniň administrasiýasynyň ýolbaşçysynyň adyna, 80-nji poçta gutusyna (744017) ibermek bolýar. Şeýle hem resminamalary hoc.ashgabat@mea.gov.in elektron poçta salgysyna ugratmak mümkin.
Arzalar 2026-njy ýylyň 2-nji noýabryna çenli kabul edilýär.