Arassa daşky gurşaw — abadan durmuşyň kepili
Amul Info ·

Daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary aýawly saklamak we ekologik deňagramlylygy üpjün etmek Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň möhüm ugurlaryndandyr. Ýurtda Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde bag ekmek çäreleri geçirilýär, ýaşyl zolaklar giňeldilýär we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmaga…
Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmek, tebigy baýlyklaryny gorap saklamak we ilat üçin amatly ýaşaýyş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan döwlet strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Tebigata aýawly çemeleşmek, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmek we ekologik deňagramlylygy saklamak bu ugurdaky işleriň esasy maksadyny düzýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen binýady goýlan bu işler häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda dowam etdirilýär. Ekologiýa ulgamynda öňdebaryjy «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak we toplumlaýyn maksatnamalary durmuşa geçirmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary bolup durýar.
Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýurduň ähli künjeklerinde yzygiderli geçirilýän bag ekmek dabaralary bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydyr. Şu ýylyň ýaz paslynda geçirilen köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň dowamynda pürli, ýaprakly we miweli agaçlaryň ýüz müňlerçe düýbi ekildi. Häzirki wagtda bolsa güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk görülýär. Bu işler şäherleriň we obalaryň daş-töweregindäki ýaşyl zolaklary giňeltmäge, tebigy gurşawy gowulandyrmaga hem-de ilatly ýerleriň ekologik ýagdaýyny berkitmäge gönükdirilendir.
Türkmenistan daşky gurşawy goramak meselelerinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem aýratyn ähmiýet berýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ekologik sammiti sebitde tebigaty goramak boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm waka boldy. Sammitiň dowamynda Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hazar deňziniň biodürlüligini we deňiz gurşawyny goramak hem Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynda aýratyn orun eýeleýär. Her ýylyň 12-nji awgustynda bellenilýän Hazar deňziniň güni jemgyýetçiligiň ünsüni bu täsin tebigy baýlygyň goragyna çekmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanda bu senä gabatlanyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ylmy-amaly maslahatlar, sergiler we ekologik çäreler geçirilýär. Şeýle başlangyçlar Hazar deňziniň basseýnini goramak boýunça tejribe alyşmaga we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.
Daşky gurşawy goramak boýunça milli we halkara derejede alnyp barylýan işler Türkmenistanyň tebigy baýlyklary geljekki nesiller üçin aýawly saklamaga, ekologik durnuklylygy berkitmäge hem-de sebitde hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen strategiýasynyň möhüm bölegidir.