Aşgabatda Merkezi Aziýanyň parlament ýolbaşçylary bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidentiniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi
Amul Info · · asgabat, ashgabat

2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament ýolbaşçylary bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidentiniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Onda sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda parlament diplomatiýasynyň orny, şeýle-de…
2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlament ýolbaşçylarynyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Parlament Assambleýasynyň Prezidenti bilen ýokary derejeli duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde parlament diplomatiýasynyň ähmiýeti, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleri bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sebitde we halkara giňişlikde parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň öňe sürýän başlangyçlary, şol sanda parlament diplomatiýasyny ösdürmek boýunça tagallalary ÝHHG we onuň Parlament Assambleýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ilerlemegine ýardam edýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasyna berýän ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesiniň ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň energiýa serişdeleri, ulag geçelgeleri, parahatçylyk we howpsuzlyk, özara ynanyşmak hem-de dialog meseleleri boýunça kabul eden Kararnamalarynyň halkara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmakdaky ähmiýeti barada aýdyldy.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň sebit döwletleriniň arasyndaky syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm halkara-hukuk esasyny döredendigi bellenildi. Şeýle-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýylyň «Halkara hukuk ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetine üns çekildi.
Duşuşykda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň we onuň alyp barýan işleriniň sebitde howpsuzlygy pugtalandyrmakdaky orny hem nygtaldy.
Gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durmuş-ykdysady ösüşi we halkara giňişlikdäki ornuny berkitmek boýunça alyp barýan hyzmatdaşlygyna hem garadylar. Hususan-da, sebitara ulag-logistika geçelgelerini utgaşdyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly hukuk we işewürlik şertlerini döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, suw-energetika meseleleri, serhet howpsuzlygy we häzirki zamanyň wehimlerine garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi. Merkezi Aziýanyň goňşy sebitler bilen durnukly hyzmatdaşlygy ösdürýän parahatçylyk merkezi hökmünde kemala gelmegine gönükdirilen tagallalara üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda parlament diplomatiýasynyň döwletleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşmagy berkitmegiň möhüm gurallarynyň biridigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentarileriň ekologiýa, energetika, ulag-logistika howpsuzlygy we beýleki möhüm ugurlarda sebitleýin başlangyçlary kanunçylyk taýdan goldamagynyň, şeýle hem parlamentara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň we ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary hem-de meýilnamalary boýunça pikir alşyldy.