Ahal welaýatynda döwrebap ýyladyşhana toplumy işe girizildi
Amul Info · · kaka, ahal

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda «Haýyrly senagat» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan 20 gektarlyk döwrebap ýyladyşhana toplumy ulanmaga berildi. Bu ýerde ýylda 3 müň 500 tonna pomidor öndürmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem 3 gektar meýdanda miweli baglar ösdürilip ýetişdiriler. Täze toplum oba…
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň çäginde «Haýyrly senagat» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze ýyladyşhana toplumy ulanmaga berildi. Döwrebap desganyň işe girizilmegi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm ädim boldy.
Umumy meýdany 20 gektara deň bolan ýyladyşhana dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýyladyşhananyň işini netijeli guramak we ýokary hasyl almak üçin häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyryldy.
Täze toplum her ýylda 3 müň 500 tonna pomidor öndürmäge niýetlenendir. Pomidor ösdürip ýetişdirmek üçin zerur bolan şitiller hem ýyladyşhananyň özünde taýýarlanylar. Bu bolsa önümçilik işlerini yzygiderli alyp barmaga we hasyllylygy ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Ýyladyşhana üçin bölünip berlen meýdanyň 3 gektarynda suw tygşytlaýjy usullardan peýdalanyp, miweli baglary ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Galan 2 gektar ýerde bolsa önümçiligiň zerurlyklary üçin niýetlenen kömekçi desgalar ýerleşýär.
Täze ýyladyşhananyň işe girizilmegi ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, içerki bazary ter önümler bilen üpjün etmäge we ilat üçin azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga ýardam eder. Şeýle hem döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy oba hojalygynda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmaga hem-de önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga şert döreder.