Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
Turkmenistan RSS Feed ·
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Arkalaşygyň alyp barýan işinde ýylyň möhüm wakasydyr. Şu gün biz ýerine ýetirilen işleriň käbir jemlerini jemläris, geljekki döwür üçin wezipeleri hem-de ugurlary kesgitläris.
Hormatly wekiliýet Baştutanlary! Hormatly Baş sekretar!
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Arkalaşygyň alyp barýan işinde ýylyň möhüm wakasydyr. Şu gün biz ýerine ýetirilen işleriň käbir jemlerini jemläris, geljekki döwür üçin wezipeleri hem-de ugurlary kesgitläris.
Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyk hökmünde öz işine örän jogapkärçilikli çemeleşdi. Biz tertipnamada göz öňünde tutulan ähli çäreleriň, şeýle hem häzirki bilelikdäki işler bilen baglylykda beýleki duşuşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etdik. GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň, Ykdysady Geňeşiň, birnäçe pudak edaralarynyň mejlisleri geçirildi. Ykdysady meseleler boýunça toparyň duşuşyklary yzygiderli guraldy. Ähli duşuşyklaryň baý many-mazmunly we netijeli iş ýagdaýynda geçendigini bellemek gerek.
Pursatdan peýdalanyp, ähli wekiliýetlere bu çärelere gatnaşýandyklary hem-de hyzmatdaşlyga taýýardyklary üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Munuň özi oňyn netijeleri gazanmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem Arkalaşygyň işini netijeli utgaşdyrýandygy üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewe minnetdarlyk bildirýärin.
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Türkmenistan GDA-da başlyk hökmünde şu ýyl ähli ylalaşylan meýilnamalary hem-de wezipeleri ýerine ýetirmek üçin hyzmatdaşlar bilen bilelikde jogapkärçilikli işlemegi dowam eder, biziň bilelikdäki işimiziň netijeliligini üpjün etmek üçin ähli tagallalary eder.
Hormatly kärdeşler!
Şu günki mejlisiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýän döwründe geçirilmegi onuň tapawutly aýratynlygydyr. Munuň özi möhüm senedir. Bu gün geçilen ýoluň käbir meselelerini jemlemek bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň bu ýoly mynasyp geçendigini ynamly aýtmak bolar. Käbir kynçylyklara garamazdan, biz hyzmatdaşlygyň binýadyny gorap saklamagy, onuň deňhukukly, özara hormatly we bähbitli häsiýetini üpjün etmegi başardyk.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär, aýratyn-da, soňky ýyllarda söwda dolanyşygy artdyrylýar. Syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygyň gün tertibi giňeldilýär. GDA formaty özüni möhüm halkara meseleler boýunça diplomatik geňeşmeler üçin amatly meýdança hökmünde görkezdi. Ynsanperwer gatnaşyklar hem baý many-mazmuny bilen tapawutlanýar. Bu gatnaşyklar medeniýet, ylym, bilim, sport, syýahatçylyk we beýleki birnäçe möhüm ugurlary öz içine alýar.
Parlamentara hyzmatdaşlyk hem işjeňleşdirilýär. Türkmenistan Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda geçirilen birnäçe ähmiýetli parlament çärelerini hem-de forumlaryny guramak başlangyjyny öňe sürüp, bu ugry ösdürmäge uly üns berýär. Bu çärelere gatnaşandyklary üçin wekiliýetlere aýratyn minnetdarlyk bildirýärin.
Parlament tematikasy bilen baglylykda, pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti hormatly Wladimir Wladimirowiç Putini ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasyna saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlamak isleýärin. Döwlet Dumasynyň täze düzüminde hem Türkmenistanyň we Russiýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda netijeli hem-de özara hormat goýmak dialogynyň, däp bolan hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň dowam etdiriljekdigine ynanýaryn.
Şeýle hem, hormatly mejlise gatnaşyjylar, şu günki sammitiň dowamynda, ýakyn dostlaryň we hyzmatdaşlaryň arasynda bolşy ýaly, size ýakynda Türkmenistanyň durmuşynda möhüm wakanyň bolandygyny, ýokary wekilçilikli edaranyň — Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilendigini habar bermegi möhüm hasaplaýaryn. Onuň dowamynda birnäçe möhüm çözgütler, hususan-da:
— “Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy”;
— “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy”;
— “Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy;
— “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Halk Maslahatynyň mejlisiniň netijeleriniň Türkmenistanyň halkara derejedäki, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky işini ösdürmek üçin binýat boljakdygyna, bilelikdäki iş üçin täze mümkinçilikleri we giňişlikleri döretjekdigine berk ynanýaryn.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, Arkalaşygyň döwletleriniň logistika we infrastruktura mümkinçiliklerini doly derejede açmak üçin şertleri döretmäge aýratyn üns berýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2029-njy ýyly “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna ünsüňizi çekmek isleýärin.
Şeýle hem Türkmenistan GDA ýurtlary durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda işjeň orun eýelemelidirler diýip hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy başlangyjy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda degişli Kararnama kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Arkalaşyga agza döwletleriň onýyllygyň maksatlaryny hem-de wezipelerini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşjakdyklaryna ynanýarys. Onýyllygy GDA giňişliginde, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde durmuşa geçirmek boýunça degişli geňeşmeleri geçirmäge hem-de bilelikdäki çemeleşmeleri we teklipleri işläp taýýarlamaga taýýardyrys. Munuň üçin bizde Baş Assambleýa tarapyndan 2025-nji ýylyň 26-njy awgustynda kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnama görnüşinde hukuk esasymyz bar.
Umuman, Türkmenistan ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmek, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak hem-de ähli ýurtlar, şol sanda GDA-nyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleri üçin elýeterliligini üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde GDA ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge ýardam etmegi maksat edinýär. Türkmenistanyň bu ugurdaky işi şeýle hem 2025-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda kabul edilen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen biragyzdan makullanan “Awaza syýasy Jarnamasyna” esaslanýar.
Hazar deňzi sebiti ulag arabaglanyşygynyň möhüm halkasy bolup durýar. Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň Gündogar Hazar we Günbatar Hazar geçelgeleriniň, hususan-da, GDA goňşy ýurtlarda we sebitlerde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, örän möhüm ähmiýete eýedigi mälimdir.
Senagat we tehnologik hyzmatdaşlygynyň, ýurtlarymyzyň çäklerinde önümçilik zynjyrlarynyň döredilmeginiň ähmiýeti hem artýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi dogry we anyk ugurlary görkezdi. Biz giň ynsanperwer hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi berk maksat edinýäris.
Halkara gün tertibi bilen baglylykda, ileri tutulýan wezipe hökmünde BMG-niň Tertipnamasyny we halkara hukugy goramakda tagallalary birleşdirmegi teklip edýäris. Bu gün bu wezipe aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy şu ýylyň 24-nji iýulynda 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” diýip yglan etdi. Şunuň bilen parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde hukuk kadalarynyň möhüm orny biragyzdan tassyklanyldy. Men Kararnamanyň taslamasyny goldan we resminamany kabul etmäge möhüm goşant goşan GDA ýurtlaryna minnetdarlygymy bildirýärin.
Türkmenistan bu başlangyç bilen çykyş edende, ählumumy howpsuzlygyň binýady hökmünde BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara gatnaşyklaryň hukuk esaslarynyň mizemezligini gorap saklamagyň zerurdygyna bolan berk syýasy we ahlak ynamyndan ugur aldy.
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Çykyşymyň ahyrynda 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Türkmenistanyň başlyklyk etmegini goldandygyňyz üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Ýurdumyz mundan beýläk hem GDA-nyň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda işlemegini we ähli bilelikdäki meýilnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam bermegini dowam eder.
Pursatdan peýdalanyp, Arkalaşygyň döwletleriniň halklaryna parahatçylyk hem-de abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy ýetirmek isleýärin.
(“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabry)