«Google» 180 dollarlyk «Fitbit Edge» fitnes sagadyny tanyşdyrdy
Amul Info ·

«Google» kompaniýasy «Gemini» emeli aň tehnologiýasy bilen utgaşykly işleýän täze «Fitbit Edge» fitnes sagadyny hödürledi. Enjam saglyk görkezijilerini yzarlamaga, türgenleşikleri seljermäge we şahsy maslahatlary almaga mümkinçilik berýär. Täze model 27-nji oktýabrda satuwa çykarylar. Başlangyç…
«Google» kompaniýasy saglyk görkezijilerine gözegçilik etmek, türgenleşikleri yzarlamak we emeli aňyň kömegi bilen şahsy maslahatlary almak üçin niýetlenen täze «Fitbit Edge» fitnes sagadyny tanyşdyrdy . OLED ekranly enjam «Gemini» emeli aň tehnologiýasy bilen utgaşykly işleýär, akkumulýatoryny çalyşmak mümkinçiligi bilen hem tapawutlanýar.
Täze fitnes sagady 27-nji oktýabrda satuwa çykarylar. Onuň başlangyç bahasy 180 dollar bolar.
«Fitbit Edge» sagady «Gemini» emeli aň tehnologiýasynyň esasynda işleýän «Google Health Coach» hyzmatyny goldaýar. «Google Health Premium» abuna ýazgysy arkaly ulanyjynyň saglyk görkezijileri we fiziki işjeňligi baradaky maglumatlar seljerilýär. Şol maglumatlaryň esasynda şahsy türgenleşik meýilnamalary düzülýär we ulanyjynyň gündelik tertibine görä täzelenýär.
Enjam türgenleşikleriň 50-den gowrak görnüşini yzarlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem türgenleşik wagtynda hakyky wagtda wizual maslahatlary hödürleýär.
Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, täze sagadyň GPS ulgamynyň takyklygy öňki nesiller bilen deňeşdirilende 40 göterim ýokarlandyrylypdyr. Uky tapgyrlaryny kesgitlemegiň takyklygy bolsa 15 göterim ýokarlanypdyr.
«Fitbit Edge» saglyk ýagdaýyndaky düýpli üýtgeşmeleri ýüze çykarmaga gönükdirilen «Health Guardian» ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýürek urgusyny üznüksiz yzarlamak we EKG funksiýasy ýürek ritmindäki käbir üýtgeşmeler barada duýduryş almaga mümkinçilik berýär.
Şeýle-de bolsa, fitnes sagadynyň görkezijileri lukmançylyk barlagynyň we hünärmeniň maslahatynyň ornuny tutmaýar.
Täze enjamyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem akkumulýatorynyň çalşylmagydyr. Maglumatlara görä, sagat bir gezek doly zarýad berlende bir hepdä çenli işläp bilýär. Akkumulýatory doly zarýadlamak üçin 90 minut gerek bolýar. Bäş minutlyk zarýad bermek bolsa bir günlük ulanyşa ýeterlik energiýa üpjün edýär.
Enjamyň korpusy IP68 derejesinde suwdan we tozandan goralan. OLED ekran bolsa saglyk görkezijilerini we türgenleşik maglumatlaryny görkezýär.
«Fitbit Edge» fitnes sagady dört dürli reňkde öňünden sargyt etmek üçin hödürlenýär. Mundan başga-da, basketbol äheňinde bezelen «Stephen Curry Edition» atly ýörite görnüşi hem bar. Bu görnüşiň bahasy 220 dollardan başlanýar.
«Google» kompaniýasy täze sagady satyn alýan müşderilere «Google Health Premium» hyzmatyndan üç aýlap mugt peýdalanmak mümkinçiligini hem hödürleýär.
Täze model saglyk görkezijilerini yzarlamak, sport türgenleşiklerini meýilleşdirmek we gündelik fiziki işjeňligi seljermek üçin niýetlenen akylly geýilýän enjamlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.