2027-nji ýylda geçiriljek sergileriň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy tassyklanyldy

Amul Info ·

2027-nji ýylda geçiriljek sergileriň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy tassyklanyldy

Türkmenistanda 2027-nji ýylda guraljak sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy, şeýle hem olary taýýarlamak we geçirmek boýunça degişli toparyň düzümi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti bu barada degişli Karara gol çekdi. Resminama halkara gatnaşyklary giňeltmek,…

Türkmenistanda 2027-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy hem-de olary guramak boýunça degişli toparyň düzümi tassyklanyldy. Munuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeleri giňden wagyz etmek, daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak, öňdebaryjy tejribe alyşmak we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen kabul edildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, resminama laýyklykda, ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede hem-de guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Источник: Amul Info