Aşgabatda howanyň maliýeleşdirilişine gözegçilik etmegiň täze sanly guraly ara alnyp maslahatlaşyldy
Turkmenistan RSS Feed · · asgabat, ashgabat
Paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň we daşky gurşawy goramagyň häzirki zaman tehnologiýalaryna bagyşlanan pudagara okuw maslahaty geçirildi.
Paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň we daşky gurşawy goramagyň häzirki zaman tehnologiýalaryna bagyşlanan pudagara okuw maslahaty geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) hem-de Ýaşyl howa gaznasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde geçirildi.
Duşuşygyň esasy maksady howanyň maliýeleşdirilişine gözegçilik etmek üçin döredilen täze sanly guraly tanyşdyrmak we synagdan geçirmekden ybarat boldy. Amaly sapaklaryň dowamynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri maksatnamanyň konsepsiýasy we mümkinçilikleri bilen gönüden-göni tanyşdylar, pudaklaýyn statistik maglumatlary ýygnamagyň we çykdajylary toparlara bölmegiň usullaryny öwrendiler.
Täze sanly platforma daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çykdajylar baradaky maglumatlary tertipleşdirmek, ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylary baradaky hasabatlylygy kämilleşdirmek we döwlet derejesinde meýilnamalaşdyrmagy ýeňilleşdirmek üçin işlenip taýýarlanyldy. Maksatnama oba we tokaý hojalygy boýunça maglumatlary ulgamlaşdyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň we Pariž ylalaşygynyň düzgünlerini ýerine ýetirmekde döwletiň hakyky goşandyna baha bermäge mümkinçilik berýär.
Çäräniň ahyrynda bilermenler Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly çäreleri öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmekde ýokary derejäni görkezýändigini we uzak möhletleýin milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýändigini bellediler. Ýurdumyz öz serişdeleriniň hasabyna «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipeleri netijeli ýerine ýetirýär hem-de ykdysady özbaşdaklygyny we durnukly ösüşiň ýörelgelerine yzygiderli ygrarlydygyny tassyklaýar.