Lionel Messi halkara sport baýragyna mynasyp boldy

Amul Info ·

Lionel Messi halkara sport baýragyna mynasyp boldy

Argentinaly futbol ýyldyzy Lionel Messi sportdaky üstünlikleri we haýyr-sahawat işlerine goşýan goşandy üçin Asturiýa şazadasynyň sport ugry boýunça baýragy bilen sylaglandy. Baýrak gowşurylyş dabarasy Ispaniýanyň Owyedo şäherindäki «Kampoamor» teatrynda geçirildi. «Altyn top» baýragyna sekiz gezek…

Argentinaly meşhur futbolçy Lionel Messi sportda gazanan üstünlikleri we haýyr-sahawat işlerine goşýan goşandy üçin Asturiýa şazadasynyň sport ugry boýunça halkara baýragy bilen sylaglandy.

Baýrak gowşurylyş dabarasy Ispaniýanyň Owýedo şäherindäki «Kampoamor» teatrynda geçirildi. Dabaranyň öňüsyrasynda Asturiýa şazadasy Leonor «Rekonkista» myhmanhanasynda baýrak eýeleri bilen geçirilen resmi duşuşykda Lionel Messä laureant nyşanyny gowşurdy. Çärä futbolçynyň maşgalasy, şol sanda aýaly Antonella Rokuzzo hem gatnaşdy.

Lionel Messi dünýä futbolynyň taryhynda aýratyn orun eýeleýän türgenleriň biridir. Ol «Barselona» klubunda, Ispaniýanyň çempionatynda we Argentinanyň milli ýygyndysynda çykyş eden döwründe köp sanly rekordlary goýdy. Futbolçy milli ýygyndysy bilen hem halkara ýaryşlarynda uly üstünlikleri gazandy.

Messi «Altyn top» baýragyna sekiz gezek mynasyp bolan ilkinji we häzirki wagta çenli ýeke-täk futbolçy hökmünde tanalýar. Onuň sportdaky netijeleri bilen birlikde, haýyr-sahawat işlerine gatnaşmagy hem halkara derejesinde ykrar edilmegine goşant goşýar.

Asturiýa şazadasynyň baýraklary dürli ugurlarda dünýä jemgyýetçiligine möhüm goşant goşan şahsyýetlere we guramalara gowşurylýar. Sport ugry boýunça berilýän bu baýrak türgenleriň gazanan üstünliklerini we jemgyýetçilik durmuşyna goşýan goşandyny ykrar etmäge gönükdirilendir.

Источник: Amul Info