«Arkadagyň ruhy metjidinde» öten-geçenler hatyralanyp, doga-dileg edildi
Amul Info · · arkadag-2, arkadag

Ýatlama güni öňüsyrasynda täze Arkadag şäheriniň baş metjidinde öten-geçenler hatyralanyp, doga-dileg edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda 30 müň orunlyk «Arkadagyň ruhy metjidini» we onuň ugurdaş desgalaryny hem-de olarda oturdylan gapylary synlady. Gahryman Arkadag olaryň hil aýratynlygynda degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Mukaddes metjidiň bezeg serişdeleriniň talabalaýyk seçilip alynmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, hajy Arkadag binanyň daşky we içki bezeg işleriniň, onuň yşyklandyryş ulgamynyň yslam dünýäsinde ähmiýetli hasaplanylýan metjide mahsus derejede bolmalydygyny belledi.
Soňra hajy Arkadag metjidiň 1 müň 500 orunlyk sadaka jaýyna bardy we bu ýerde alnyp barylýan işleri synlady. Bu ýerde «Arkadagyň ruhy metjidiniň» baş ymamy Ý.Hojagulyýew sadaka jaýynyň enjamlaşdyrylyşy, ulanylýan serişdeler barada maglumat berdi. Soňra hajy Arkadag bu ýerde bina edilýän medresä bardy. Geljekde medresäniň otaglarynda ähli zerur şertler üpjün ediler. Hajy Arkadag bu ýerde alnyp barylýan işleri synlap, medresede din ugrundan bilim aljak ýaşlaryň berilýän sapaklary degişli derejede özleşdirmeklerinde zerur hasaplanylýan mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini aýtdy.
Hajy Arkadag 6-njy oktýabrda ýurtda Hatyra gününiň geçirilýändigini aýdyp, öten-geçenleri ýatlap, şeýle hem ýurt abadançylygynyň, halkyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna doga-dilegleriň edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
«Arkadagyň ruhy metjidiniň» baş ymamy öten-geçenleriň ruhunyň şat, ýurt abadançylygynyň, halkyň bagtyýar durmuşynyň berkarar, hajy Arkadagyň we Arkadagly hajy Serdaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik maksatlary nazarlaýan ýagşy işleriniň rowaçlyklara beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdi.
Hajy Arkadag ýagşy dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi we hemmeleriň alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.