Altynyň bahasy 22-nji oktýabrdan bäri ilkinji gezek 4100 dollardan geçdi
Amul Info ·

«Comex» biržasynda altynyň 2026-njy ýylyň dekabrynda eltilmeli fýuçersleriniň bahasy 22-nji oktýabrdan bäri ilkinji gezek bir troý unsiýasy üçin 4100 dollardan geçdi. Söwdalaryň dowamynda altynyň bahasy 4104,4 dollara ýetip, öňki görkezijiden 4,16 göterim ýokarlandy. Hünärmen Andreý Žirnyhyň…
Nýu-Ýork haryt biržasynyň şahamçasy bolan «Comex» biržasynda 2026-njy ýylyň dekabrynda eltilmeli altynyň fýuçers şertnamalarynyň bahasy 22-nji oktýabrdan bäri ilkinji gezek troý unsiýasy üçin 4100 dollardan geçdi. Bu barada söwda meýdançasynyň maglumatlaryna salgylanýan « Gazeta.ru » neşiri habar berýär.
Moskwa wagty bilen sagat 03:30-da (Aşgabat wagty bilen 05:30-da) gymmat bahaly metalyň bir troý unsiýasynyň bahasy 4104,4 dollara deň boldy. Bu öňki görkezijiden 4,16 göterim ýokarydyr.
Mundan ozal Russiýanyň «ЛОТ ЗОЛОТО» treýding kompaniýasynyň baş direktory Andreý Žirnyh russiýalylara öz süýşürintgileriniň 20–30 göterimini altyna we beýleki gymmat bahaly metallara goýmagy maslahat beripdi.
Hünärmeniň çaklamasyna görä, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli altynyň bir troý unsiýasynyň bahasy 4 müň dollardan 5 müň dollara çenli aralykda bolup biler.