Deport bilen çäklendirmäniň arasynda nähili tapawut bar we olar haçan aradan aýrylýar?
Amul Info ·

⚖️ Deport bilen çäklendirmäniň arasynda nähili tapawut bar? Deport we Türkmenistanyň çäginden daşary ýurda gitmäge goýulýan çäklendirme hukuk taýdan dürli çärelerdir. 🇹🇲 Türkmenistanyň raýatyna Türkmenistana girmek üçin deport goýulmaýar. Çäklendirme bolsa raýatyň wagtlaýyn daşary ýurda gitmegine…
Raýatlaryň arasynda «deport» we «çäklendirme» düşünjeleri käbir ýagdaýlarda bir manyda ulanylýar. Hukuk taýdan bolsa olaryň maksady we ulanylýan ýagdaýlary biri-birinden tapawutlanýar.
Hususan-da, Türkmenistanyň raýatyna Türkmenistana girmek üçin deport goýulmaýar. Çäklendirme bolsa raýatyň Türkmenistanyň çäginden daşary ýurda gitmegine wagtlaýyn päsgelçilik döredýän çäre bolup durýar .
Çäklendirme haýsy ýagdaýlarda bellenilýär?
«Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasynda Türkmenistanyň raýatynyň daşary ýurda gitmegine wagtlaýyn çäklendirme goýulmagynyň esaslary kesgitlenendir. Kanunda şeýle esaslaryň 11-si görkezilýär.
Raýatyň daşary ýurda gitmegine çäklendirme goýlandygy mälim bolan ýagdaýynda, ilki bilen onuň haýsy hukuk esasyna daýanýandygyny anyklamak zerurdyr.
Şeýle ýagdaýda raýat Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna ýüz tutup, çäklendirmäniň sebäbi we hukuk esasy barada maglumat sorap biler. Ýüz tutma boýunça berilýän jogabyň hem kanunyň talaplaryna laýyklykda resmileşdirilmegi möhümdir.
«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji we 30-njy maddalaryna laýyklykda, degişli ýagdaýlarda administratiw nama kabul edilip, ol raýata gowşurylmalydyr.
Jogap haty ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda näme etmeli?
Eger raýatyň ýüz tutmasyna administratiw namanyň ýerine diňe habarnama ýa-da jogap haty berilse, raýat kanunda bellenen tertipde öz hukuklaryny goramak üçin kazyýete ýüz tutup biler.
Şeýle ýagdaýda Köpetdag etrap kazyýetine «Borçnamany ýerine ýetirmek barada» hak isleýiş arzasy bilen ýüz tutulmagy mümkin. Kazyýet degişli esaslar bolan ýagdaýynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyny administratiw nama kabul etmäge borçlandyryp biler.
Hukuk tejribesinde şuňa meňzeş kazyýet çözgütleriniň bardygy hem bellenilýär.
Administratiw nama kabul edilip, raýata gowşurylandan soň, eger ol nama bilen razy bolmasa, «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan tertipde kazyýete ýüz tutup, administratiw namany jedelleşip biler.
Deport ýatyrylsa, çäklendirme hem aýrylýarmy?
Çäklendirme hemişelik däl-de, wagtlaýyn häsiýete eýe bolan hukuk çäresidir.
Tejribede Türkmenistanyň raýaty daşary ýurtda bolan döwründe deport edilen ýagdaýynda, şol deportyň möhletine baglylykda onuň Türkmenistandan daşary ýurda gitmegine hem belli bir möhlet üçin çäklendirme bellenilip bilinýär.
Bu ýerde möhüm mesele deportyň soňra ýatyrylmagy bilen bagly ýüze çykýar.
Eger Türkmenistanyň raýatyna goýlan çäklendirme hut daşary ýurtda bellenilen deportyň esasynda girizilen bolsa we şol döwletiň degişli edarasy deport baradaky karary ýatyrsa, onda çäklendirmäniň ýatyrylmagy üçin hem hukuk esasynyň döremegi mümkin. Sebäbi çäklendirmäniň bellenilmegine sebäp bolan ýagdaý aradan aýrylýar.
Şeýle-de bolsa, çäklendirme degişli maglumatlar ulgamynda awtomatiki ýagdaýda aýrylmasa, raýat Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna ýüz tutup, ýagdaýyň täzeden öwrenilmegini we degişli administratiw namanyň kabul edilmegini sorap biler.
Raýat administratiw namany alandan soň, onuň bilen ylalaşmadyk ýagdaýynda kanunda bellenen tertipde kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.
Her ýagdaý aýratyn öwrenilmeli
Deport we Türkmenistandan daşary ýurda gitmäge goýulýan çäklendirme biri-birine bagly bolup bilse-de, hukuk taýdan dürli düşünjelerdir. Şonuň üçin olaryň haýsy esasda we nähili möhlete bellenilendigini anyklamak aýratyn ähmiýete eýedir.
Hususan-da, daşary ýurt döwletinde goýlan deportyň ýatyrylmagy Türkmenistanyň çägindäki çäklendirmäniň hem awtomatiki ýagdaýda ýatyrylandygyny aňlatmaýar. Çäklendirmäniň hukuk esasyny we onuň hereket edýändigini degişli edaradan anyklamak zerurdyr.
Migrasiýa, deport ýa-da daşary ýurda gitmäge goýlan çäklendirmäniň ýatyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar raýatyň hukuk ýagdaýyna gönüden-göni täsir edýänligi sebäpli, her bir mesele aýratynlykda öwrenilmelidir.
Şeýle ýagdaýlarda hukuk kömegine zerurlyk ýüze çykan halatynda, migrasiýa meseleleri boýunça degişli hünär derejesi we tejribesi bolan adwokata ýa-da hukuk maslahatçysyna ýüz tutmak maslahat berilýär.