Halkymyzyň geçmişini, şu gününi we geljegini birleşdirýän ruhy köpri

Turkmenistan RSS Feed ·

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşir halkymyzyň taryhy-medeni, şol sanda golýazma mirasy, ýurdumyzda dil bilimini, edebiýaty öwrenişi we taryh ylmyny ösdürmegiň meseleleri babatda täze açyşlar, ylmy barlaglaryň netijeleri bilen bagly makalalar toplumyny okyjylara ýetirmegi dowam edýär.

Žurnalyň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara, Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze, 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine, şeýle hem ägirt uly taryhy ähmiýetli waka — eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlaglary ýerleşdirilipdir.

«Täze ylmy açyşlar» atly bölümde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidatynyň «Türkmen bedewiniň taryhy ylmy-edebi çeşmelerde» atly makalasy bar. Awtor bedewiň gadymy döwürlerden bäri we häzirki wagtda hem halkymyzyň taryhynyň aýrylmaz bölegi, wepaly hemrasy hasaplanylýandygyny, onuň milli sungatymyzda gözelligiň, kämilligiň we wepadarlygyň nusgasy hökmünde wasp edilýändigini belleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda möhüm ylmy-edebi çeşmelerdir we gymmatly gollanmalardyr. Bu eserlerde gamyşgulak bedewlerimiziň şöhratly taryhyna, şu günki günde döwlet derejesinde edilýän aladalara, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryna, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermekde tutýan ornuna degişli giňişleýin maglumatlar beýan edilýär.

Arheologik barlaglar türkmen alymlaryna gadymy ahalteke bedewleriniň tohumynyň taryhyny öwrenmek boýunça gyzykly maglumatlary toplamaga mümkinçilik berýär. Ýagny, Goňurdepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda erkek adamlaryň söweşjeň atlary bilen bilelikde jaýlanandygy ýüze çykaryldy. Şeýle hem bu ýerden at kellesi görnüşindäki kiçi göwrümli, bürünçden ýasalan heýkeljik hem tapyldy. «Baýtarnamalar» atly orta asyr ýazgylarynda hem atçylygyň taryhy, şol sanda atlary bejermegiň usullary, hirurgik amallar, ot-çöplerden we minerallardan derman serişdelerini taýýarlamagyň usullary, olara ideg etmegiň kadalary barada giňişleýin beýan edilýär.

«Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktorynyň «Garaşsyzlyk — türkmen ruhuny bitewüleşdiriji güýç» atly makalasy okyjylaryň ünsüni çekip biler. Onda durnuklylygyň we jebisligiň nyşany bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esasy baýlygymyzdygy bellenilýär. Türkmenistan geçen 35 ýylyň dowamynda jebisligiň, agzybirligiň, dostlugyň hem-de döredijiligiň ýörelgelerine eýermek bilen, demokratik, hukuk we dünýewi binýadyny yzygiderli pugtalandyrdy.

Ykdysady galkynyşyň netijesinde türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün edýän, senagat taýdan ösen, kuwwatly Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet döredi. Ýurdumyz Bitaraplyk, ynanyşmak, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny saýlap aldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Bitaraplyk, öňüni alyş, energetika, ulag, ekologiýa, ylmy-lukmançylyk we medeni diplomatiýa boýunça bütin adamzat bähbitli ählumumy teklipleri öňe sürdi.

«Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» atly bölümde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidatynyň «XVI asyr pars dilli türkmen edebiýatynda «Masnug» şygyrlar» atly makalasy ýerleşdirilipdir. Bu makalada milli edebi we medeni mirasymyzyň halkymyzyň öz taryhynyň dowamynda döreden, wagtyň synagyndan geçen hem-de milli özboluşlylygyň binýady hökmünde nesilden-nesle geçirilýän maddy we ruhy gymmatlyklaryň jemi bolup durýandygy bellenilýär. Bu bolsa milletimiziň geçmişini, şu gününi we geljegini birleşdirýän, onuň dünýä siwilizasiýasyndaky özboluşly ornuny kesgitleýän janly ruhy köprüdir.

Awtor orta asyrlarda iň durnukly we meşhur däp bolan poeziýa žanrlarynyň biri bolan kasyda žanry barada gürrüň berýär. Kasyda (oda) haýsy hem bolsa bir şahsyýeti, adamlaryň toparyny ýa-da wakany wasp etmäge gönükdirilendir. XVI asyrda pars dilli türkmen edebiýatynda kasydanyň täze görnüşi — «masnug» («ussat», ýagny ýokary çeperçilik usulynda nepis işlenilen) uly meşhurlyga eýe boldy.

«Oguznamalaryň gadymy nusgalary» atly makala asyrlaryň dowamynda döredilen eserlere bagyşlanypdyr. «Oguznama» — bu oguz taýpalarynyň gelip çykyşy, däp-dessurlary, oguz türkmenleriniň nesilbaşysy Oguz hanyň ömri, gahrymançylykly ýoly we ýörişleri hakynda gürrüň berýän gadymy türki dilli eposlaryň we rowaýatlaryň toplumydyr. «Oguznamanyň» iň gadymy nusgalarynyň biri XIII asyrda döredilen garlyk-uýgur elipbiýindäki nusgasydyr. Bu golýazma häzirki wagtda Parižiň milli kitaphanasynda saklanylýar. Fazlalla Reşideddiniň 1300 — 1310-njy ýyllar aralygynda ýazan we taryhy-genealogik zähmeti bolan «Taryhlaryň ýygyndysy» («Jamy-at-tawaryh») eseri Oguz hanyň 24 agtygy we olaryň taýpalara bölünişi barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýär. Abulgazy Bahadyr hanyň «Türkmenleriň nesil daragty» («Şejereýi teräkime») atly eseri XVII asyryň edebi nusgasy bolmak bilen, Oguz han baradaky halk rowaýatlaryna esaslanýar.

«Türkmenlerde «beg» düşünjesi» atly makala aýratyn ünsi çekýär. Onda bu sözüň many-mazmuny içgin düşündirilýär. Türkmen taryhynda we medeniýetinde «beg» sözi öz köklerini gadymdan alyp gaýdyp, köptaraply häsiýete eýedir. Ol şol bir wagtyň özünde jemgyýetçilik gurluşyndaky dereje, şeýle hem nesil daragtynyň we antroponimikanyň (atlaryň gelip çykyşy hakyndaky ylym), ýagny adam atlarynyň möhüm bölegi hökmünde çykyş edýär.

Taryhda oguz-türkmen taýpalarynda “beg” sözi “serdar”, “hökümdar” ýa-da “iri ýer eýesi” diýmekligi aňladypdyr. Gadymy döwürde we irki orta asyrlarda beg öz nesliniň ýa-da taýpasynyň başynda durup, hana tabyn bolupdyr, sebäbi «beg» derejesi «han» derejesinden pes hasaplanypdyr. Harby we administratiw aristokratiýanyň, abraýly ýaşulularyň we serkerdeleriň wekilleri begler bolupdyrlar.

Taryhyň dowamynda, soňabaka «beg» düşünjesiniň manysy öňki «han adyna garanyňda kiçi dereje» çäklerinden çykyp, öz gerimini ýokary syýasy derejä çenli giňeltdi. «Beg» sözi abraýy, hormaty, dogruçyllygy, mertebäni we parasatlylygy alamatlandyrdy. Türkmen medeniýetinde «beg» sözi oglan atlary dakylanda uly meşhurlyga eýe boldy. Däp boýunça ol atlara goşulma ýa-da goşma söz hökmünde goşulýar (mysal üçin: Amanbeg, Nurbeg, Döwletbeg, Begmyrat, Orazbeg we başgalar).

Neşir «Ylmy we medeni durmuş habarlary» atly bölüm bilen jemlenýär. Onda ýurdumyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylyň iýul — sentýabr aýlarynyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşyndaky wakalaryna syn berilýär. Bu bölümde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk döredijilikli syýasat, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga hem-de mundan beýläk-de gülläp ösmegine, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň aýdyň subutnamalary yzygiderli tertipde beýan edilýär.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde, ýokary çap usulynda neşir edilen, häzirki zaman sungat ussatlarynyň nakgaşlyk eserleriniň, fotosuratlaryň nusgalary, seýrek muzeý we arhiw maglumatlary, kartografik suratlar bilen bezelen žurnal giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

Источник: Turkmenistan RSS Feed