«Awaza» GDA-nyň sammitine taýýarlanýar: 7 — 9-njy oktýabr aralygyndaky çäreleriň maksatnamasy

Amul Info · · turkmenbasy, balkan

«Awaza» GDA-nyň sammitine taýýarlanýar: 7 — 9-njy oktýabr aralygyndaky çäreleriň maksatnamasy

2026-njy ýylyň 7 — 9-njy oktýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi başda bolmak bilen birnäçe möhüm halkara çäreler geçiriler.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda giň gerimli halkara çäreler geçirilýär. Çäreleriň esasy wakasy 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçiriljek GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi bolar. Oňa Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Liderleri hem-de Eýranyň wekilleri gatnaşarlar.

Maksatnamaga laýyklykda, 7-nji oktýabrda durnukly ösüş we zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak boýunça halkara dialog, GDA-nyň PA-nyň saglygy goraýyş maslahatyny, Amyderýa we Syrderýa suw serişdelerini dolandyrmak boýunça ýokary derejeli duşuşygy hem-de Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi bolar. 8-nji oktýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň konsultatiw duşuşygy, milli tagamlar festiwaly we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler. 9-njy oktýabrda bolsa GDA sammitinden başga-da, Hazar ekologiýa sammiti we halkara sergi guralar.

Источник: Amul Info