Prezident nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmagy tabşyrdy
Amul Info ·

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz pudagynyň on aýlyk netijeleri habar berildi: nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,3 göterim ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmagy tabşyrdy. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Mejlisde wise-premýer G. Agajanow ýurtda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,3 göterim ýerine ýetirildi. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,1 göterim ýerine ýetirildi.
Benzin öndürmegiň meýilnamasy 118,9 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 115,7 göterim, kerosin öndürmegiň meýilnamasy 105,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 112,1 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 108,3 göterim, tebigy gazy daşary ýurda ibermegiň meýilnamasy bolsa 109,1 göterim ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň nebitgaz toplumynyň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmagyň, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmagyň, nebitgaz ýataklarynyň täze gorlaryny açmak boýunça işleri netijeli dowam etmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.