Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşurylar

Amul Info · · arkadag-2, arkadag

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Arkadag şäherinde täze jaýlaryň aç…

Hünär baýramçylygy mynasybetli «akylly» Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçiriler. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideriniň şähere amala aşyran iş saparynyň çäginde geçirilen maslahatda şäheriň häkimi G. Mämmedowa tarapyndan giňişleýin maglumat berildi.

Maslahatda Milli Lider bu hünär baýramçylygynyň ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilmelidigini belledi. Şeýle hem keseli bejereniňden onuň öňüni almagyň möhümdigi, saglyk merkezlerindäki işleri kämilleşdirmegiň zerurlygy nygtaldy. Mundan başga-da, şäheriň daştöweregindäki bagy-bossanlyklary giňeltmek, miweli baglaryň, şol sanda «Babarap» almasynyň görnüşlerini artdyrmak barada tabşyryklar berildi.

Источник: Amul Info