Türkmenistan wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşar
Amul Info ·

Türkmenistanyň wekiliýeti 15–16-njy noýabrda Yslamabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşar. Duşuşykda söwda, ulag we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garalar. Mejlisde Yslamabat Jarnamasynyň hem-de…
2026-njy ýylyň 15–16-njy noýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Yslamabat şäherinde geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleri geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşmak üçin Pakistan Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar.
Bu sapara görülýän taýýarlyk işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R. Meredow öňde boljak halkara çäreler barada hasabat berdi. Onuň habar bermegine görä, YHG-nyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň Yslamabatda geçiriljek mejlisiniň gün tertibine guramanyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler giriziler. Hususan-da, söwda, ulag, energetika we beýleki ugurlardaky özara gatnaşyklara garalar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Yslamabat Jarnamasynyň hem-de «Ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik maksatlary – 2035» atly maksatnamalaýyn resminamanyň kabul edilmegine garaşylýar.
Döwlet Baştutany Türkmenistan üçin dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň öňde boljak mejlisine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutany Yslamabat şäherinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň 6-njy mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.