Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekiliýeti Pekinde adaty lukmançylyk boýunça geçirilen halkara çärelere gatnaşdy
Turkmenistan RSS Feed ·
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti 17 – 26-njy oktýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde geçirilen 2026-njy ýylyň Bütindünýä adaty lukmançylyk kongresine we Adaty lukmançylyk boýunça bilim forumyna gatnaşdy.
Pekin Hytaý lukmançylyk uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanan kongresiň we bilim forumynyň işine dünýäniň dürli ýurtlarynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäreleriň dowamynda gatnaşyjylar degişli ugurlar boýunça çykyşlar etdiler hem-de adaty we häzirki zaman lukmançylygynyň integrasiýasy, şeýle hem emeli aňyň sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerini giňden ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen wekilleri Türkmenistanyň we Pekin uniwersitetleriniň arasynda on ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli dowam edip gelýän hyzmatdaşlygyň gazanan netijeleri barada giňişleýin maglumat berdiler. Çykyşda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hytaý lukmançylygyny öwretmek üçin ýöriteleşdirilen okuw otagynyň alyp barýan işi barada hem durlup geçildi.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Pekin Hytaý lukmançylyk uniwersitetiniň 70 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy we ýokary okuw mekdebiniň rektory hem-de halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň hünärmenleri bilen resmi duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hünärmenleri we talyplary taýýarlamak, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek hem-de bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek boýunça ylalaşyklar gazanyldy.