Tokioda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen çaý medeniýetiniň baý mirasyna bagyşlanan ýapon diline terjime edilen eserleri ýokary baýraga mynasyp boldy

Turkmenistan RSS Feed ·

2026-njy ýylyň 21-nji noýabrynda Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki halkara guramalaryň goldaw bermeginde daşary ýurtlaryň Ilçihanalarynyň wekilleriniň arasynda ýapon dilinde çykyş etmek boýunça 29-njy bäsleşik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A. Baýramow ýapon dilinde çykyş edip, çaý içmek däpleri arkaly iki halkyň medeni ýakynlaşmagy bilen bagly meseleleri beýan etdi. Çykyşda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen çaý medeniýetiniň baý mirasyna bagyşlanan eserlerinde öňe sürülýän garaýyşlara aýratyn üns berildi.

Bäsleşigiň ýeňijileri bolan Türkmenistanyň, Sudanyň we Latwiýanyň wekilleriniň çykyşlary mazmunlylygy hem-de ýapon dilini ýokary derejede bilýändikleri üçin eminler topary tarapyndan ýokary bahalandyryldy.

Gazanylan baýrak Türkmenistanyň medeni dialogyň we halk diplomatiýasynyň ösdürilmegine goşýan goşandynyň möhüm ykrarnamasy bolup durýar.

Источник: Turkmenistan RSS Feed