Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara geljekde olimpiada we ylmy maslahat geçirer
Amul Info ·

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty noýabr aýynda iki sany halkara çäre geçirer. 13-nji noýabrda «Maliýe» dersi boýunça III Açyk halkara olimpiada, 27-nji noýabrda bolsa ykdysadyýetiň durnukly ösüşine bagyşlanan III halkara ylmy-amaly maslahat guralar. Çäreler bilim we tejribe…
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty tarapyndan noýabr aýynda maliýe we ykdysadyýetiň durnukly ösüşi bilen bagly iki sany halkara çäre geçiriler. Olaryň hatarynda «Maliýe» dersi boýunça III Açyk halkara olimpiada hem-de «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljegi uly ugurlary» atly III halkara ylmy-amaly maslahat bar.
«Maliýe» dersi boýunça III Açyk halkara olimpiada 13-nji noýabrda onlaýn görnüşde geçiriler. Oňa Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler. Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde guralar we her bir ýokary okuw mekdebinden dört talypdan köp bolmadyk wekiliň gatnaşmagyna rugsat berler. Ýeňijiler bäsleşigiň dowamynda toplan ballary boýunça kesgitlener.
Olimpiada gatnaşmak isleýän ýokary okuw mekdepleri 10-njy noýabra çenli gatnaşyjylar baradaky maglumatlary bellenen nusga laýyklykda guramaçylyk toparynyň ts iem.olymp@gmail.com we tsiem.muhanow@gmail.com elektron poçta salgylaryna ibermeli.
Şeýle hem 27-nji noýabrda «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljegi uly ugurlary» atly III halkara ylmy-amaly maslahat gibrid görnüşde geçiriler. Maslahata Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de degişli ugurda işleýän hünärmenleri gatnaşmaga çagyrylýar.
Ylmy-amaly maslahatyň işi üç bölüm boýunça alnyp barlar. Birinji bölümde ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň geljegi uly ugurlaryna, ikinji bölümde ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde maliýe mehanizminiň ornuna, üçünji bölümde bolsa durnukly ösüşde marketingiň we menejmentiň ähmiýetine garalar.
Maslahata gatnaşmak isleýänler ylmy işleriniň tezislerini, annotasiýalaryny we dokladlaryny 12-nji noýabra çenli tsiem.conference@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermeli.
Halkara olimpiadanyň we ylmy-amaly maslahatyň resmi iş dilleri türkmen, iňlis we rus dilleridir. Çäreler barada giňişleýin maglumatlary Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň resmi web sahypasyndan — https://tsiem.edu.tm/ salgysyndan alyp bolýar.
Guraljak halkara çäreler ykdysadyýet we maliýe ugurlary boýunça bilimleri we tejribeleri alyşmaga, ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy merkezleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilik döreder.