Daşkentde geçiriljek TITF 2026 halkara syýahatçylyk sergisine Türkmenistan hem gatnaşar
Amul Info ·

026-njy ýylyň 25–27-nji noýabrynda Daşkent şäherinde geçiriljek 31-nji Daşkent halkara syýahatçylyk ýarmarkasyna — «Ýüpek ýolunda syýahatçylyk — TITF 2026» sergisine Türkmenistan hem gatnaşar. Çärä dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 300-den gowrak kompaniýanyň, syýahatçylyk guramalarynyň we pudak…
2026-njy ýylyň 25–27-nji noýabrynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherindäki CAEx Uzbekistan sergi merkezinde 31-nji Daşkent halkara syýahatçylyk ýarmarkasy — «Ýüpek ýolunda syýahatçylyk — TITF 2026» geçiriler. Sebitiň iri syýahatçylyk çäreleriniň biri boljak halkara forumda Türkmenistanyň hem öz syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanyşdyrmagy meýilleşdirilýär. Bu barada «Dunyo» habarlar gullugy habar berýär.
Çärä dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 300-den gowrak kompaniýanyň, milli syýahatçylyk guramalarynyň, syýahatçylyk operatorlarynyň, awiakompaniýalaryň we pudagyň beýleki wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Halkara ýarmarka Özbegistanyň Syýahatçylyk komiteti, onuň ýanyndaky Milli PR merkezi we «Iteca Exhibitions» halkara sergi kompaniýasy tarapyndan BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň (UN Tourism) gatnaşmagynda guralýar.
TITF 2026 döwlet edaralarynyň, işewür toparlaryň we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda tejribe alyşmak, täze syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmek hem-de bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolar.
Ýarmarka Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Wýetnamyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Gruziýanyň, Hindistanyň, Gyrgyzystanyň, Latwiýanyň, Malaýziýanyň, Maldiw adalarynyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Taýlandyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Çehiýanyň wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Çäräniň esasy wakalarynyň biri Halkara syýahatçylyk maýa goýum forumy bolar. Onda pudagyň wekilleri, maýadarlar we halkara hyzmatdaşlar täze maýa goýum taslamalaryny, syýahatçylyk infrastrukturasyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Sergide dürli ýurtlaryň syýahatçylyk mümkinçilikleri, täze ugurlar we hyzmatlar tanyşdyrylar. Şol sanda şypahana-sagaldyş dynç alşy, aýurweda, gözellik we saglyk hyzmatlary, ekosyýahatçylyk, milli aşhanalar, halk senetçiligi hem-de sanly syýahatçylyk hyzmatlary giňden görkeziler.
Sergi meýdançalarynda milli syýahatçylyk guramalary, syýahatçylyk kompaniýalary, awiakompaniýalar, myhmanhana ulgamlary, dynç alyş merkezleri we syýahatçylyk tehnologiýalaryny işläp taýýarlaýan kompaniýalar öz mümkinçiliklerini hödürlärler.
Ýarmarkanyň maksatnamasyna ýurtlaryň we sebitleriň tanyşdyrylyş çäreleri, işewür duşuşyklar (B2B), pudaklaýyn forumlar, hünärmenleriň gatnaşmagyndaky maslahatlar, milli senetçilik sergileri we gastronomik tanyşdyryşlar girizildi.
Sergide Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gonkongyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Malaýziýanyň, Taýlandyň, Türkiýäniň we Çehiýanyň milli diwarlyklary aýratyn orun eýelär. Şeýle hem Gruziýanyň Adžariýa sebiti Gara deňiz kenaryndaky dynç alyş mümkinçiliklerini, Belarus şypahana-sagaldyş we ekologiýa ugurlaryny, Malaýziýa bolsa «Visit Malaysia 2026–2027» kampaniýasynyň çäklerinde öz syýahatçylyk önümlerini tanyşdyrar. Gonkong «Only in Hong Kong» taslamasy arkaly şäheriň özboluşly mümkinçiliklerini görkezer.
Özbegistanyň Garagalpagystan Respublikasy bilen birlikde ähli 14 sebiti hem sergä gatnaşyp, ýurduň taryhy-medeni mirasyny, tebigy gözelliklerini we döwrebap syýahatçylyk hyzmatlaryny tanyşdyrar.
TITF 2026 syýahatçylyk pudagynyň hünärmenleri, işewür toparlar we halkara hyzmatdaşlar üçin täze gatnaşyklary ýola goýmak, geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmak hem-de özara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda giň mümkinçilikleri döreder.