Winisius «Barselona» bilen oýunda «Reala» kömek edip bilmez
Amul Info ·

«Real Madridiň» hüjümçisi Winisius Žunior dört oýunlyk disk kwalifikasiýasynyň güýjünde galmagy sebäpli ýakyn duşuşyklary geçirer. Ispaniýanyň Korollyk futbol federasiýasynyň degişli komitetleri klubuň jezany ýatyrmak ýa-da ýeňilleşdirmek baradaky haýyşyny kanagatlandyrmady.
Ispaniýanyň «Real Madrid» toparynyň hüjümçisi Winisius Žunior «Barselona» bilen geçiriljek duşuşygy hem goşmak bilen, ýakyn dört oýunda toparyna kömek edip bilmez. Ispaniýanyň Korollyk futbol federasiýasynyň (RFEF) Düzgün-nyzam komiteti madridlileriň futbolça berlen dört oýunlyk diskwalifikasiýany ýatyrmak baradaky haýyşyny kanagatlandyrmady.
Winisius «La Liganyň» sekizinji tapgyrynda «Wilýarreal» toparyna garşy geçirilen duşuşykda (1:0) meýdançadan çykarylypdy. Oýnuň dowamynda garşydaş futbolçynyň saçyndan tutandygy üçin oňa iki duşuşyk, emin bilen jedelleşip, onuň kararlaryna nägilelik bildirendigi üçin bolsa ýene iki duşuşyk meýdança çykmak gadagan edildi.
«Real Madrid» kluby berlen jezanyň ýatyrylmagyny ýa-da ýeňilleşdirilmegini talap edip, degişli şikaýat bilen ýüz tutdy. Emma Arbitraž komiteti hem bu haýyşy goldamady. Şeýlelikde, futbolçynyň dört oýunlyk çäklendirmesi güýjünde galdy.
Bu karara görä, Winisius «Sewilýa», «Barselona», «Rasing» we «Walensiýa» toparlaryna garşy geçiriljek duşuşyklary geçirer.
«Real Madrid» bilen «Barselonanyň» arasyndaky garaşylýan duşuşyk 26-njy oktýabra geçilýän gije geçiriler. Aşgabat wagty bilen oýun sagat 01:00-da başlanar.