HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW WE TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDYLAR

yashlar.gov.tm ·

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW WE TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK…

Şu gün “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren taryhy pursatlar bolup geçdi. Köpetdagyň eteginiň gözel künjegindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz gatnaşdylar. Bu bolsa häzirki döwrüň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi. Daňdanyň tämiz çagynda dag etekleriniň gözelligi Aşgabadyň älemgoşar öwüşginli yşyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Häzirki zamanyň ösen tejribesiniň we täzeçil tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagynda çekilen nurana ýollar türkmen halkynyň bagtyýar geljegine uzaýan menzilleri alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň berkararlygynyň aýdyň nyşanyna öwrülen nurana ýol bilen gidip barşyna ady rowaýata öwrülen we Döwlet tugrasynda mynasyp orun alan bedewiň hormatyna gurlan “Ýanardag” binasynyň deňinden geçdi. Munuň özi türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygyna bildirilýän hormatyň güwäsine öwrüldi. Täzeden gurlan bu ýoluň gurluş aýratynlyklary, onuň her bir tapgyrynyň gurluşygynyň halkara görkezijilere laýyk derejede ýerine ýetirilmegi we aýlawly ýoluň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy ýurdumyzda sogap iş hasaplanylýan ýol gurluşygyna häzirki zaman talaplaryndan ugur alnyp çemeleşilýändigini görkezýär. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz atyň taýçanaklykdan belent başly bedewe öwrülen şekilini janlandyrýan “Atly aýlaw” halkalaýyn ýolunyň daşyndan öwrüm etdi. Doly döwrebaplaşdyrylan ýolunyň ugrunda türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen bedew şekiliniň ýerleşdirilmegi...

Источник: yashlar.gov.tm