Belet programmasy Android Auto we Apple CarPlay ulgamlary arkaly awtoulaglarda elýeterli boldy

Amul Info ·

Belet programmasy Android Auto we Apple CarPlay ulgamlary arkaly awtoulaglarda elýeterli boldy

Türkmenistanyň «Belet» media platformasyny indi Android Auto we Apple CarPlay ulgamlaryny goldaýan awtoulaglaryň multimediýa ekranlarynda hem ulanmak bolýar. Täze mümkinçilik arkaly ulanyjylar öňünden ýüklän aýdym-sazlaryny, audiokitaplaryny we beýleki media mazmunlaryny diňläp, pleýeri awtoulagyň…

Türkmenistanyň «Belet» media platformasynyň programmasy Android Auto we Apple CarPlay ulgamlaryny goldaýan awtoulaglaryň multimediýa ekranlarynda ulanylmaga başlandy. Täze mümkinçilik ulanyjylara awtoulagyň ekrany arkaly programmanyň ses pleýerini dolandyrmaga şert döredýär.

Täze funksiýanyň kömegi bilen ulanyjylar öňünden ýükläp alan materiallarynyň sanawyny açyp, olary diňläp ýa-da görüp bilerler. Şeýle hem aýdym-sazlary, audiokitaplary we wideoklipleri diňlemek ýa-da görmek mümkinçiligi bar.

Awtoulagyň multimediýa ulgamynda ses ýazgysyny wagtlaýyn saklamak, öňki ýa-da indiki ýazga geçmek, ýazgyny yza ýa-da öňe süýşürmek, nobatdaky materiallary dolandyrmak we gözleg geçirmek ýaly funksiýalar göz öňünde tutulýar.

Täze hyzmatdan peýdalanmak üçin awtoulag Android Auto ýa-da Apple CarPlay ulgamlarynyň birini goldamaly. Şeýle-de smartfona gurnalan «Belet» programmasyny iň soňky wersiýa çenli täzelemek we telefony awtoulagyň multimediýa ulgamyna birikdirmek zerurdyr. Programma App Store we Google Play dükanlaryndan göçürip almak üçin elýeterlidir.

«Belet» Türkmenistanyň öňdebaryjy media platformalarynyň biri bolup, onlaýn kinoteatr, wideo hyzmatlary we interaktiw telewideniýe mümkinçiliklerini hödürleýär. Awtoulaglaryň multimediýa ulgamlary bilen utgaşykly işlemeginiň ýola goýulmagy ulanyjylara media mazmunyndan has amatly peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Источник: Amul Info