Walentina Matwiýenko Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi
Amul Info ·

18-nji noýabrda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Howa menzilinde wekiliýeti Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin we GDA-nyň…
18-nji noýabrda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň resmi saýty habar berýär.
Aşgabat şäheriniň halkara howa menzilinde Russiýanyň wekiliýetini Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary – Sekretariatynyň ýolbaşçysy Dmitriý Kobitskiý garşylady.
Wekiliýetiň düzüminde Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow, Halkara işler baradaky komitetiň başlygynyň birinji orunbasary Grigoriý Karasin, Konstitusion kanunçylyk we döwlet gurluşygy baradaky komitetiň başlygynyň orunbasarlary Nikolaý Wladimirow bilen Wladimir Kojin, şeýle hem şol komitetiň agzasy Oleg Sepkin bar.