Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň 2026-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda çykaran 144-iş belgili buýrugy

TÜRKMENISTANYŇ ADALAT MINISTRLIGI ·

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň 2026-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda çykaran 144-iş belgili B U Ý R U G Y «Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyna birikdirmek üçin tehniki talaplary tassyklamak hakynda» “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna, “Kiberhowpsuzlyk hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda”, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda”, “Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna şeýle hem, “Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň hereket etmeginiň tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 25-nji martynda çykaran 1755-nji karary bilen tassyklanan, Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň hereket etmeginiň tertibiniň talaplaryny ýerine ýetirmek, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynda elektron resminamalary pudagara alyşmak, şol sanda elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende, ulgama birikdirmek üçin bildirilýän tehniki talaplary kesgitlemek maksady bilen, buýurýaryn : 1. Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyna birikdirmek üçin tehniki talaplary tassyklamaly (goşulýar). 2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň orunbasary Ý.Gulmämmedow, Ministrligiň Sanly ykdysadyýeti ösdürmek bölüminiň başlygy D.Nurýagdyýew, “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň baş direktory H.Awganow gözegçilik etmeli. Ministr H.Hudaýgulyýew Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň 2026-njy ýylyň 7-nji sentýabryndaky 144-iş belgili buýrugy bilen tassyklandy Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyna birikdirmek üçin tehniki talaplar I bap. Umumy düzgünler 1. Şu Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyna birikdirmek üçin tehniki talaplary (mundan beýläk - Talaplar) 2019-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda kabul edilen “Kiberhowpsuzlyk hakynda”, 2014-nji ýylyň 3-nji maýynda kabul edilen “Maglumat we ony goramak hakynda”, 2020-nji ýylyň 14-nji martynda kabul edilen “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” hem-de 2022-nji ýylyň 24-nji iýulynda kabul edilen “Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryna şeýle hem, “Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň hereket etmeginiň tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 25-nji martynda çykaran 1755-nji karary bilen tassyklanan, Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň hereket etmeginiň tertibine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynda elektron resminamalary pudagara alyşmak, şol sanda elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende, ulgama birikdirmek üçin bildirilýän tehniki talaplaryny kesgitleýär. 2. Şu Talaplar Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň (mundan beýlak - PEMU) gatnaşyjylary tarapyndan ýerine ýetirilmäge degişlidir. 3. Şu Talaplarda ulanylýan esasy düşünjeler: 1) GB – GigaByte. Sanly maglumaty saklamak we işläp taýýarlamak birligi. 1 GB = 1024 MB; 2) RAM – Random Access Memory. Operatiw ýat, kompýuter ýa-da serweriň iş wagtynda maglumatlary wagtlaýyn saklaýan ýady; 3) HDD – Hard Disk Drive. Magnit diskli gaty disk, maglumatlary uzak möhletli saklamak üçin ulanylýar; 4) SSD – Solid State Drive. Elektron ýatda çalt we ygtybarly işleýän gaty disk; 5) RAID – Redundant Array of Independent Disks. Birnäçe diski birleşdirip, maglumatlaryň ygtybarlylygyny we tizligini ýokarlandyrýan tehnologiýa; 6) RAID1 – RAID Level 1. Iki diskiň arasynda maglumatlaryň doly nusgasyny (mirroring) döredýän RAID görnüşi; 7) CPU – Central Processing Unit. Merkezi prosessor, kompýuteriň esasy beýnisi; 8) L2/L3 – Level 2 / Level 3. Tor kommutatorlarynyň işleýiş derejesi; 9) NGFW – Next-Generation Firewall. Indiki nesil gorag enjamy, toruň goragyny enjamlaýyn/programmalaýyn üpjün edýär; 10) VLAN – Virtual Local Area Network. Wirtual ýerli tor, fiziki toruň logiki bölekleri; 11) STP – Spanning Tree Protocol. Toruň aýlaw baglanyşyklarynyň öňüni alýan we durnuklylygyny üpjün edýän protokol; 12) RSTP – Rapid Spanning Tree Protocol. STP-niň has çalt görnüşi; 13) ACL – Access Control List. Giriş gözegçilik sanawy, tor geçirijisiniň kimlere we nähili ygtyýarlyklary berýändigini kesgitleýän sanaw; 14) IPS – Intrusion Prevention System. Howpsuzlyk wakalarynyň öňüni alýan we olary togtadýan ulgam; 15) IDS – Intrusion Detection System. Howpsuzlyk wakalaryny anyklap, habar berýän ulgam; 16) HA – High Availability. Ýokary elýeterlilik, bu ulgamlaryň, hatda aýry-aýry bölekleri işden çykan ýagdaýynda-da, bökdençsiz işlemegini we ulanyjylar üçin elýeterli bolup galmagyny üpjün edýän häsiýetidir; 17) SIEM – Security Information and Event Management. Howpsuzlyk maglumatlaryny we wakalaryny dolandyrýan ulgam; 18) PKI – Public Key Infrastructure. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi; 19) OCSP – Online Certificate Status Protocol. Sertifikatlaryň ýagdaýyny onlaýn barlaýan protokol; 20) NTP – Network Time Protocol. Tor arkaly wagt sinhronizasiýasyny üpjün edýän protokol; 21) TLS – Transport Layer Security. Maglumatlar tor arkaly geçirilende olary goramak üçin ulanylýan kriptografik protokol; 22) API – Application Programming Interface. Programma üpjünçiligi arasynda maglumat alyş-çalyşy üpjün edýän interfeýs; 23) REST – Representational State Transfer. Web-serwislaryň arasynda maglumat alyş-çalşygynyň gurluş usuly; 24) OpenAPI – Open API Spesifikasiýasy. REST API beýanynyň standart format; 25) JSON – JavaScript Object Notation. Maglumatlaryň ýazgy we alyş-çalyş görnüşi (formaty); 26) YAML – YAML Ain’t Markup Language. Maglumatlaryň ýazgy we alyş-çalyş görnüşi (formaty), JSON-yň alternatiwasy; 27) RFC – Request for Comments. Internet standartlarynyň we protokollarynyň resmi sanawy; 28) AES – Advanced Encryption Standard. Maglumatlary şifrlmek üçin ulanylýan standart; 29) MD5 – Message-Digest Algorithm 5. Kriptografik heşirleme algoritmi; 30) SHA – Secure Hash Algorithm. Kriptografik heşirleme algoritmleriniň maşgalasy. II bap. Fiziki enjamlara we tor enjamlara bildirilýän talaplar 4. Fiziki enjamlara we tor enjamlara bildirilýän talaplar aşakdakylardan ybarat: 1) enjamlara azyndan bildirilýän talaplar aşakda görkezilen häsiýetnamalara laýyk bolmalydyr: a) X-Road programma üpjünçiligi gurnamak üçin iki sany (aktiw/rezerw) fiziki howpsuzlyk serweri; b) serwerler üçin 12 logiki ýadro bilen, bir ýa-da iki prosesorly serwerler, 32 GB RAM; ç) 4 TB SSD/enterprise HDD (azyndan bolan RAID1 massiw); d) 2 fiziki tor interfeýsi azyndan 1 Gbit/s; 2) “NGFW” gorag enjamy: a) tor ulgamynyň goragy üçin niýetlenen we döwlet derejesindäki maglumat alyş-çalşygyny goramaga mümkinçilik berýän “NGFW” gorag enjamy bolmaly; b) döwlet edaralarynyň arasynda maglumat alyş-çalşygy üçin degişli IP filtrasiýasy, port dolandyryşy, URL/traffic filtering, IPS/IDS we application control mümkinçiliklerini goldamalydyr; ç) ýokary elýeterlilik tertibinde işlemek üçin High Availability goldamalydyr; d) log ýazgylary we hadysalara jogap bermek üçin monitoring mümkinçilikleri bolmaly; e) azyndan 2 sany fiziki tor interfeýsi bolmalydyr; 3) Tor kommutatory (L2/L3): a) gigabit Ethernet ýa-da ondan ýokary tizlikleri goldamalydyr; b) VLAN, trunk, STP/RSTP, ACL, port security we port mirroring mümkinçiliklerini goldamalydyr; ç) hyzmat toruny, dolandyryş toruny we beýleki segmentleri aýratyn VLAN-lar arkaly bölmäge mümkinçilik bermelidir; 4) hadysalaryň öňüni almak we gözegçilik ulgamy: a) tor we serwer infrastrukturasynyň ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamaga mümkinçilik bolmalydyr; b) hadysalary, näsazlyklary we howpsuzlyk wakalaryny awtomatiki ýüze çykarmagy goldamalydyr; ç) log ýazgylaryny ýygnamak, saklamak we seljermek mümkinçiliklerine eýe bolmalydyr; d) SIEM ulgamlar bilen integrasiýany goldamalydyr; 5) Ulanyjylara we girişe gözegçilik ulgamy: a) Active Directory hyzmaty arkaly işgärleriň hasaplaryny, toparlaryny we giriş hukuklaryny dolandyrmagy goldamalydyr; b) ulanyjy hasaplarynyň döredilmegi, üýtgedilmegi we ýatyrylmagy boýunça audit ýazgylaryny saklamalydyr. III bap. X-Road programma platformasyna talaplar 5. X-Road programma platformasyna talaplar aşakdakylardan ybarat: 1) Operasion ulgamlar we wirtualizasiýa: a) howpsuzlyk serwerleri X-Road resmi goldaw berilýän Linux LTS operasion ulgamy wersiýalarynda işleýän bolmalydyr; b) bir fiziki serwerde howpsuzlyk serweriniň we ulanyjy serwislarynyň (maglumat binýady, umumy ulanyjylar üçin web-saýt) düzümleriniň birleşdirilmegi gadagandyr; 2) howpsuzlyk serwerleri aşakda görkezilen talaplara laýyklykda sazlanmalydyr: a) diňe görkezilen kriptografik standartlary ulanmak (RSA ≥ 2048, SHA-384); b) PKI, OCSP çeşmelerini sazlamak; ç) PKI, OCSP, ulgamyň sertifikatlarynyň we log ýazgylarynyň dogry işjeňligini üpjün etmek maksady bilen PEMU-daky ähli Howpsuzlyk serwerleriniň wagt görkezijileriniň dogry we deň bolmagy üçin operator tarapyndan ornaşdyrylan NTP serweri bilen baglanmagy; d) goragly log-ýazgylary sazlamak; 3) X-Road programma üpjünçiligi gurnamasy we täzelenmeleri X-Road resmi web-saýtynda https://x-road.global görkezilen çeşmelerinden ýa-da PEMU-nyň operatory tarapyndan üpjün edilýän çeşmesinden ýerine ýetirilmelidir; 4) aşakdakylary ulanmaga maslahat berilmeýär: a) MD5, SHA-1 algoritmler; b) uzynlygy 2048 bitden kiçi bolan RSA açarlar; ç) TLS 1.0 we 1.1 wersiýalar; d) Howpsuzlyk serwerleriň öz-özüne gol çeken (tassyklanan) sertifikatlar; 5) API talaplary (REST/OpenAPI)-PEMU-nyň gatnaşyjylarynyň X-Road üsti bilen neşir edilýän ähli hyzmatlary diňe REST arhitekturasy esasynda işlenip taýýarlanylmalydyr; 6) API beýany-her bir hyzmat üçin OpenAPI 3.x (YAML ýa-da JSON) spesifikasiýasy bolmalydyr we wersiýalaşdyrma zerurdyr; 7) REST API üçin talaplar: a) HTTP-usullary RFC 7231 düzgünlerine laýyk ulanylmalydyr; b) ýüzlenme/jogap diňe JSON formatynda bolmalydyr; ç) HTTP-status kodlary RFC 7231 düzgüne laýyk saýlanylmalydyr; d) hyzmatlaryň arasyndaky autentifikasiýa X-Road sertifikatlary arkaly amala aşyrylmalydyr; 6. X-Road arkaly geçýän elektron resminamanyň göwrümi 10 MB-dan geçmeli däldir. IV bap. Bökdençsizlik we ätiýaçlyk talaplary 7. Bökdençsizlik we ätiýaçlyk talaplary şu aşakdakylardan ybarat: 1) ätiýaçlyk nusgalamagy: a) X-Road sazlamalaryň gündelik ätiýaçlyk nusgalary; b) ätiýaçlyk bilen şifrlenen görnüşde saklanmalydyr; ç) dikeldiş usullarynyň her 3 aý nusgalary AES-256 barlanylmagy; 2) PEMU-a gatnaşyjylaryň Howpsuzlyk serwerleri üçin: a) möhüm maglumat ulgamlary üçin ýokary elýeterli sazlamalaryň gurnalmagy (klaster/ätiýaçlyk serwer); b) täzeden gurmagyň we dikeltme tertibiniň resmileşdirilmegi (sazlamalaryň we açarlaryň dikeldilmegi). Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň 05-nji oktýabrynda 1975 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

Источник: TÜRKMENISTANYŇ ADALAT MINISTRLIGI