Türkmen alymy halkara ylmy geňeşiň düzümine doly hukukly agza hökmünde kabul edildi

Amul Info ·

Türkmen alymy halkara ylmy geňeşiň düzümine doly hukukly agza hökmünde kabul edildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň nanotehnologiýa we materiallary öwreniş kafedrasynyň müdiri Mukam Ekäýew Belarusyň Minsk şäherinde geçirilen ylmy çärelere gatnaşdy. 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda ol Ylymlar akademiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň täze…

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň nanotehnologiýa we materiallary öwreniş kafedrasynyň müdiri Mukam Ekäýew Belarusyň Minsk şäherinde geçirilen senagat-innowasion forumynyň ylmy çärelerine gatnaşdy. Saparyň dowamynda türkmen alymy Ylymlar akademiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň (YAHA) täze materiallar boýunça ylmy geňeşiniň düzümine doly hukukly agza hökmünde kabul edildi.

Bu çözgüt 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynda geçirilen ylmy geňeşiň mejlisinde Mukam Ekäýewiň kandidaturasyna seredilenden soň kabul edildi. Bu waka türkmen alymynyň ylmy işinde möhüm üstünlik bolmak bilen birlikde, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň halkara ylmy hyzmatdaşlygyny giňeltmekde hem ähmiýetli ädim boldy.

Iş saparynyň dowamynda Mukam Ekäýew Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyň diwanynyň ýolbaşçysy, poroşok metallurgiýasy boýunça ylmy mekdebi esaslandyryjylaryň biri, akademik Pýotr Aleksandrowiç Witýaz hem-de himiki fizika ulgamynyň belli hünärmeni, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti, akademik Sergeý Mihaýlowiç Aldoşin bilen duşuşdy.

Duşuşyklarda täze materiallar, nanotehnologiýalar we materiallary öwreniş ugurlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şeýle hem Türkmenistanyň, Belarusyň we Russiýanyň ylmy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormat we dostluk nyşany hökmünde görnükli alymlara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary sowgat berildi.

Belarusyň senagat-innowasion forumynyň çäklerinde geçirilen «TehInnoProm» halkara sergisinde häzirki zaman tehnologiýalary, innowasion işläp taýýarlamalar we senagat enjamlary görkezildi. Türkmen alymy serginiň dowamynda dürli ýurtlaryň senagatyny ösdürmekde ulanylýan täze tehnologiýalar bilen tanyşdy we daşary ýurtly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Hytaýyň ylmy jemgyýetçiliginiň, şeýle hem Hytaýyň we Belarusyň önümçilik kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda aýratyn gyzyklanma bildirildi. Gepleşikleriň dowamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň we ylmy-tehniki işleri ösdürmegiň mümkin bolan ugurlary kesgitlenildi.

Mukam Ekäýew «Belarus Respublikasynda additiw tehnologiýalary ösdürmegiň geljegi» atly halkara simpoziumyna hem gatnaşdy. Simpoziumda metal poroşoklary, polimerler, kompozision materiallar, nanostrukturirlenen ulgamlar we funksional örtükler boýunça ylmy barlaglaryň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurlardaky işleriň dürli şaýlaryň we senagat enjamlarynyň taýýarlanyş hilini ýokarlandyrmakdaky ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Türkmen alymynyň Minsk şäherine amala aşyran iş sapary täze materiallar we nanotehnologiýalar boýunça halkara ylmy gatnaşyklary ösdürmek, ýokary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de Türkmenistanyň senagat we tehnologik mümkinçiliklerini kämilleşdirmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Источник: Amul Info