Garri Keýn Angliýanyň milli ýygyndysynda täze rekord goýdy
Amul Info ·

Angliýanyň hüjümçisi Garri Keýn milli ýygyndynyň düzüminde geçiren duşuşyklarynyň sany boýunça täze rekord goýdy. Horwatiýa garşy oýun onuň milli topardaky 126-njy duşuşygy boldy. Şeýlelikde, ol öňki rekordçy Piter Şiltondan öňe geçdi. Keýn Angliýanyň ýygyndysynyň iň köp gol geçiren futbolçysy…
Angliýanyň futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Garri Keýn milli toparyň düzüminde geçiren duşuşyklarynyň sany boýunça täze rekordyň eýesi boldy. Ol bu görkeziji boýunça öňki rekordçy, meşhur derwezeban Piter Şiltondan öňe geçdi.
Milletler ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bäşinji tapgyrynda Horwatiýanyň milli ýygyndysyna garşy öz meýdançasynda geçirilen duşuşyk Garri Keýn üçin Angliýanyň milli toparyndaky 126-njy oýun boldy. Mundan ozal ol milli ýygyndynyň düzüminde geçirilen duşuşyklaryň sany boýunça Piter Şilton bilen deňdi.
33 ýaşly hüjümçi 2023-nji ýylyň tomsundan bäri Germaniýanyň «Bawariýa» toparynda çykyş edýär. Ol bu klubuň düzüminde iki gezek Germaniýanyň çempiony boldy, iki gezek ýurduň Superkubogyny we bir gezek Germaniýanyň kubogyny gazandy.
Keýn 2024/2025 we 2025/2026-njy möwsümlerde Ýewropanyň milli çempionatlarynda iň köp gol geçiren futbolçy hökmünde «Altyn buts» baýragyna mynasyp boldy. Şeýle hem şu ýylyň oktýabr aýynda France Football žurnalynyň wersiýasy boýunça möwsümiň iň gowy futbolçysyna gowşurylýan «Altyn top» baýragyny aldy.
Angliýanyň milli ýygyndysynda 91 gol geçiren Garri Keýn bu görkeziji boýunça hem toparyň taryhyndaky iň netijeli futbolçy hasaplanýar. Ol 2021-nji we 2024-nji ýyllarda geçirilen Ýewropa çempionatlarynda kümüş medallara mynasyp boldy. 2019-njy ýylda Angliýanyň Milletler ligasynyň ilkinji möwsüminde üçünji orny eýelemegine, 2026-njy ýylda bolsa dünýä çempionatynda bürünç medal gazanmagyna goşant goşdy.
Keýn dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň köp gol geçiren futbolçylaryň ilkinji bäşligine hem girýär. Onuň hasabynda 14 gol bar. Hüjümçi 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen dünýä çempionatynda alty gol geçirip, ýaryşyň iň netijeli oýunçysy bolupdy.
Angliýanyň milli ýygyndysynda öňki rekordyň eýesi bolan Piter Şilton häzirki wagtda 77 ýaşynda. Ol 1966–1997-nji ýyllar aralygynda professional futbolçy hökmünde çykyş etdi we tutuş karýerasyny Angliýanyň klublarynda geçirdi.
Şilton «Nottingem Forest» toparynyň düzüminde 1978-nji ýylda Angliýanyň çempiony boldy. Şeýle hem ol bu klub bilen 1979-njy we 1980-nji ýyllarda Ýewropanyň çempion klublarynyň kubogyny, 1979-njy ýylda UEFA-nyň Superkubogyny we Angliýanyň Liga kubogyny, 1978-nji ýylda bolsa ýurduň Superkubogyny gazandy.
Mundan başga-da, derwezeban «Lester» toparynda çykyş eden döwründe 1971-nji ýylda Angliýanyň ikinji diwizionynyň çempiony bolup, ýurduň Superkubogyna hem eýe boldy.
Piter Şilton 1982-nji, 1986-njy we 1990-njy ýyllarda geçirilen dünýä çempionatlarynda Angliýanyň milli ýygyndysynyň derwezesini gorady. 1990-njy ýylda Italiýada geçirilen dünýä çempionatynda iňlis topary dördünji orny eýeledi.