Edebi mirasy öwrenmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Amul Info ·

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda türkmen edebi mirasynyň taryhy, ylmy we terbiýeçilik ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi. Çäräniň dowamynda nusgawy we häzirki zaman edebiýatyny öwrenmegiň ugurlary, halk döredijiliginiň…
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň maslahatlar zalynda «Garaşsyz Türkmenistanda edebi mirasy öwrenmegiň möhüm ugurlary» atly ylmy maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralan çärä alymlar, ylmy işgärler we aspirantlar gatnaşdylar.
Maslahatyň esasy maksady türkmen halkynyň edebi mirasynyň taryhy, edebi we terbiýeçilik ähmiýetini açyp görkezmek, şeýle hem ony öwrenmegiň häzirki zaman ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Çäräniň dowamynda «Garaşsyzlyk döwrüniň şygryýeti», «Türkmen edebi mirasynyň dil baýlygyny öwrenmegiň ylmy ugurlary: Magtymgulynyň “Bedew” bäşlemesiniň mysalynda», «Halk döredijiliginiň terbiýeçilik ähmiýeti», «ÝUNESKO-nyň sanawynda milli edebi miras: Ybraýym Edhem golýazmalarynyň mysalynda», «Garaşsyzlyk ýyllarynda milli mirasy öwrenmek», «Garaşsyzlyk — edebi mirasyň täze ösüş döwri» we «Ata-babalarymyzyň edebi mirasy» ýaly temalar boýunça çykyşlar diňlenildi.
Maslahatda bellenilişi ýaly, nusgawy we häzirki zaman edebi eserleri ýaş nesli terbiýelemekde möhüm orny eýeleýär. Çeper keşpleriň, deňeşdirmeleriň we beýleki çeperçilik serişdeleriniň üsti bilen söz sungaty adamyň aňyna täsir edip, onda ýokary ahlak häsiýetleriniň kemala gelmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, edebi mirasy öwrenmegiň möhüm meseleleri ylmy jemgyýetçiligiň üns merkezinde durýar.
Ylmy maslahat alymlaryň arasynda pikir alyşmak we tejribe paýlaşmak üçin netijeli meýdança boldy.