Parižde 91-nji halkara awtoulag sergisi geçirildi

Amul Info · · g2988507

Parižde 91-nji halkara awtoulag sergisi geçirildi

12–19-njy oktýabrda Fransiýanyň paýtagtynda geçirilen halkara sergisine dünýäniň dürli ýurtlaryndan 60-dan gowrak awtoulag öndürijisi gatnaşdy. Bu ýyl Hytaýyň awtoulag brendlerine aýratyn orun berlip, 16 öndürijiniň 25 brendi tanyşdyryldy.

Fransiýanyň paýtagty Parižde 12–19-njy oktýabr aralygynda 91-nji halkara awtoulag sergisi geçirildi. Dünýäniň dürli künjeklerinden öndürijileri we pudak wekillerini bir ýere jemlän çärä Ýewropadan, Amerikadan we Aziýadan 100-den gowrak gatnaşyjy, şeýle hem 60-dan gowrak awtoulag öndürijisi gatnaşdy.

Sergide Hytaýyň awtoulag senagatyna aýratyn orun berildi. Ýurtdan 16 öndürijä degişli 25 brendiň görkezilmegi hytaý kompaniýalarynyň Ýewropa bazaryndaky ornuny giňeltmäge bolan gyzyklanmasyny görkezdi. Bu görkeziji öňki sergiler bilen deňeşdirilende takmynan iki esse köp boldy.

Bir hepde dowam eden çäräniň esasy ugurlary elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulaglar, gibrid modeller, akylly dolandyryş ulgamlary we täze tehnologiýalar boldy. Hytaýyň BYD, Xpeng, Changan, Dongfeng we Leapmotor ýaly brendleri öz önümlerini tanyşdyryp, elýeterli bahalara, döwrebap tehniki mümkinçiliklere we çalt zarýad beriş çözgütlerine aýratyn üns berdiler.

Sergide awtoulag öndürijileriniň arasynda tehnologiýa we bazar bäsdeşliginiň güýçlenýändigi hem aýdyň duýuldy. Elektroulaglara bolan gyzyklanmanyň artmagy bilen, öndürijiler ulaglaryň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga, zarýad beriş wagtyny gysgaltmaga we sürüjilik ulgamlaryny kämilleşdirmäge çalyşýarlar.

Ýewropaly alyjylar üçin awtoulagyň bahasy, batareýanyň kuwwaty, tehniki hyzmatyň elýeterliligi we abatlaýyş çykdajylary möhüm ölçegler bolup durýar. Şonuň üçin sergide hödürlenen täze modeller diňe bir dizaýny we tehnologiýasy bilen däl, eýsem gündelik ulanyş üçin amatlylygy bilen hem ünsi çekdi.

Parižde geçirilen halkara awtoulag sergisi dünýä awtoulag senagatynyň häzirki ösüş ugurlaryny görkezmek bilen, öndürijilere täze hyzmatdaşlary tapmaga we halkara bazarlardaky mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döretdi.

Источник: Amul Info