Türkmenistanda harby gullugyny tamamlan esgerleri dabaraly ýagdaýda ätiýaçlyga ugradylyp başlandy

Amul Info ·

Türkmenistanda harby gullugyny tamamlan esgerleri dabaraly ýagdaýda ätiýaçlyga ugradylyp başlandy

Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gullugynyň bellenen möhletini tamamlan esgerleri ätiýaçlyga ugratmak dabaralary geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem guralan çärede gullukçylara harby şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu çäreler Prezidentiň degişli Permanyna…

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda, häzirki wagtda ýurduň dürli harby bölümlerinde çagyryş boýunça harby gullugyny tamamlan esgerleri ätiýaçlyga ugratmak mynasybetli dabaralar geçirilýär.

Şeýle çäreleriň biri Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem geçirildi. Bu barada edaranyň resmi saýtynda habar berildi.

Dabara Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Soňra harby gullugyny tamamlan çagyryş boýunça gullukçylara harby şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Çäräniň dowamynda ýurtda amala aşyrylýan özgertmeleriň halkyň abadançylygyna we watansöýüji ýaş nesli terbiýelemäge gönükdirilýändigi bellenildi.

Ýatladyp geçsek, 2026-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow harby gullugyň bellenen möhletini tamamlan harby gullukçylary ätiýaçlyga boşatmak we raýatlary nobatdaky güýzki harby gulluga çagyrmak hakynda Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan çagyryş boýunça harby gullugyň kanunda bellenen möhletini tamamlan gullukçylar ätiýaçlyga boşadylýar.

Permanyň ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda, Goranmak, Içeri işler, Milli howpsuzlyk ministrliklerine, Döwlet serhet gullugyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň howpsuzlyk gullugyna we Döwlet migrasiýa gullugyna harby gullukçylary tassyklanan meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda ätiýaçlyga ugratmak, şeýle hem olary höweslendirmek tabşyryldy.

Источник: Amul Info