Türkmen gawuny — milli ekerançylygyň behişti nygmaty
Amul Info ·

Türkmen gawuny özüniň süýjüligi, hoşboý ysy we ýokumlylygy bilen milli ekerançylygymyzyň gymmatly baýlygy hasaplanýar. Taryhy maglumatlara görä, ata-babalarymyz gawunyň 400-den gowrak görnüşini ösdürip ýetişdiripdirler. Akademik N.L. Wawilow hem türkmen topragyny gawunyň gelip çykan ýerleriniň biri…
Türkmen topragynda ýetişdirilýän gawunlar özüniň süýjüligi, hoşboý ysy we ýokumlylygy bilen tapawutlanyp, halkymyzyň milli baýlyklarynyň biri hasaplanýar. Asyrlaryň dowamynda türkmen daýhanlary gawunyň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirip, bu ugurda baý ekerançylyk tejribesini toplapdyrlar. Taryhy maglumatlara görä, ata-babalarymyz gawunyň 400-den gowrak görnüşini döredipdirler.
Alymlaryň bellemegine görä, Türkmenistanyň ekerançylyk medeniýeti gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýar. Milli ekerançylygy düýpli öwrenen görnükli alym, akademik N.L. Wawilow türkmen topragyny gawunyň gelip çykan ýerleriniň biri hökmünde belläpdir.
Türkmen gawunlarynyň şöhraty diňe bir öz ýurdumyz bilen çäklenmän, geçmişde daşary ýurtlara hem ýaýrapdyr. Taryhy çeşmelerde meşhur syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň we taryhçylaryň türkmen gawunlarynyň özboluşly tagamy barada galdyran maglumatlaryna duş gelmek bolýar.
X asyrda ýaşap geçen taryhçy Al-Istahri hem Merwde ýetişdirilen gawunlaryň ajaýyp tagamyny aýratyn belläpdir. Ol bu gawunlardan taýýarlanan kaklaryň Yraga çenli äkidilmegini olaryň ýokary hilli we meşhur bolandygynyň subutnamasy hökmünde getiripdir.
Türkmen gawunlarynyň köp görnüşliligi, tagam aýratynlyklary we olar bilen bagly ekerançylyk däpleri halkymyzyň baý tejribesini görkezýär. Bu behişti nygmat milli ekerançylyk medeniýetiniň möhüm bölegi bolmak bilen, türkmen topragynyň bereketini we daýhan zähmetiniň miwesini alamatlandyrýar.