TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT

yashlar.gov.tm ·

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HAL…

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Adalat köşgüniň mejlisler zalynda “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma ýurdumyzyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlary we diňleýjileri, talyp ýaşlar, şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlag hatyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyz döwletlilik, kanunyň hökmürowanlygy we milli demokratik ýörelgelerden ugur alyp, döwlet, jemgyýet we şahsyýet gatnaşyklaryny, raýat jemgyýetini ösdürýär. Häzirki zaman türkmen jemgyýeti adama iň ýokary gymmatlyk hökmünde garaýar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda halkymyzyň öz milli mirasyna, öňden gelýän ynsanperwer gymmatlyklaryna ygrarlydygyna, türkmen döwletliliginiň esasynda goýlan, kökleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän halk häkimiýetliliginiň demokratik däplerine üns çekilýär. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, täze taryhy eýýamda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli, oňyn özgertmeler jemgyýetimizi jebisleşdirip, adamlaryň dünýägaraýşyny giňeltmek bilen, her bir türkmenistanlyny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Şeýle hem häzirki wagtda milli kanunçykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyna, onuň umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalary bilen sazlaşdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygy...

Источник: yashlar.gov.tm