Gazagystanda «aýakdan ýykýan ýokanjyň» ýaýramagy bilen bagly ýagdaý hasaba alyndy
Amul Info · · g1526384

Almaty şäherinde «aýakdan ýykýan ýokanç» diýlip atlandyrylýan kesel bilen baglylykda 14 müňden gowrak adam lukmançylyk kömegine ýüz tutdy, olaryň üç müňe golaýy çagalardyr. Kesel ýokary gyzgynlyk, beden we bokurdak agyrylary, güýçli üsgülewük, kelleagyry, käbir ýagdaýlarda bolsa gaýtarma we içgeçme…
Gazagystanyň Almaty şäherinde 14 müňden gowrak ýaşaýjy «aýakdan ýykýan ýokanç» diýlip atlandyrylýan keseliň ýaýramagy sebäpli lukmançylyk kömegine ýüz tutdy. Bu barada «SHOT» telegram-ýaýlymynyň maglumatlaryna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, kesellänleriň arasynda üç müňe golaý çaga hassahana ýerleşdirildi. Ýokanç bilen kesellän adamlarda birnäçe günüň dowamynda ýokary gyzgynlyk saklanýar. Käbir ýagdaýlarda bedeniň temperaturasy 40 gradusa çenli ýokarlanýar we uzak wagtlap peselmeýär.
Keseliň esasy alamatlarynyň hatarynda bedeniň agyrmagy, bokurdagyň agyrmagy, güýçli üsgülewük we kelleagyry görkezilýär. Käbir näsaglarda gaýtarma we içgeçme hem ýüze çykýar.
Ene-atalaryň aýtmagyna görä, çagalar derman kabul edenlerinden soň birnäçe sagatlap özlerini has gowy duýýarlar, emma soňra gyzgynlyk täzeden ýokarlanýar. Şol sebäpli olar bu kesele «aýakdan ýykýan ýokanç» diýen ady beripdirler.