Özbegistana şu ýylyň 10 aýynda 290 müňe golaý türkmenistanly syýahat etdi

Amul Info ·

Özbegistana şu ýylyň 10 aýynda 290 müňe golaý türkmenistanly syýahat etdi

2026-njy ýylyň ýanwar–oktýabr aýlarynda 289,9 müň türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi. Bu görkeziji bilen Türkmenistan goňşy ýurda iň köp syýahatçy iberen döwletleriň sanawynda ýedinji orny eýeledi. Umuman, Özbegistan hasabat döwründe 11,6 million daşary ýurtly syýahatçyny kabul edip, geçen…

2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň 289,9 müň raýaty Özbegistana syýahat etdi. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komitetiniň maglumatlaryna salgylanýan « yuz.uz » neşiri habar berýär.

Hasabat döwründe goňşy ýurda sapar eden türkmenistanlylaryň sany boýunça Türkmenistan sanawda ýedinji orny eýeledi.

Özbegistana iň köp syýahatçy iberen ýurtlaryň sanawynda Gyrgyzystan 3,1 million adam bilen birinji, Gazagystan 2,7 million adam bilen ikinji, Täjigistan bolsa 2,5 million adam bilen üçünji orny eýeledi. Şeýle-de Russiýadan 1,1 million, Owganystandan 432,6 müň jahankeşde Özbegistana bardy. Türkmenistanyň öň ýanynda ýerleşen Hytaýdan bolsa 430,2 müň syýahatçy geldi.

Umuman, 2026-njy ýylyň ilkinji on aýynda Özbegistan 11,6 million daşary ýurtly jahankeşdäni kabul etdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19,4 göterim ýokarydyr.

Источник: Amul Info