Aşgabatda raýatlar üçin hukuk meseleleri boýunça jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler
Amul Info · · asgabat, ashgabat

2026-njy ýylyň 7-nji noýabrynda Aşgabatda raýatlar üçin jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli dowam etjek kabul edişlikde raýatlar hukuk meseleleri boýunça hünärmenlerden maslahat alyp bilerler.
2026-njy ýylyň 7-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Oňa Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleri hem-de Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalary gatnaşarlar.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, kabul edişlik Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda geçiriler. Ol Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda ýerleşýär.
Jemgyýetçilik kabul edişligi sagat 9:00-dan 12:00-a çenli dowam eder. Raýatlar bu ýerde hukuk meseleleri boýunça ýüz tutup, degişli hünärmenlerden maslahat alyp bilerler.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: