Awazada Hazar ekologiýa sammiti geçirildi
Turkmenistan RSS Feed ·
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda Hazar ekologiýa sammiti geçirildi.
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda Hazar ekologiýa sammiti geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Hazar deňzi sebitinde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2002-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Hazarýaka döwletleriň ilkinji sammiti sebit dialogyny ösdürmekde möhüm ädim boldy. Şeýle hem 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilendigini bellemek gerek.
Gadymy Hazaryň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak we onuň ekologik abadançylygyny üpjün etmek Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Howanyň ählumumy üýtgeýän şertlerinde ýurdumyz Hazar deňziniň ekologiýa gün tertibine diňe bir daşky gurşawy goramagyň meselesi hökmünde däl-de, eýsem, tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň we abadançylygynyň binýatlaýyn esasy hökmünde garaýar. Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň we döredijilikli orun eýelemek bilen, tebigaty goramak boýunça giň möçberli başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň bu netijeli çemeleşmesi ekologiýa we ykdysadyýet düşünjeleriniň biri-birine baglydygyna, şeýle hem Hazar deňziniň biologik köpdürlüligini gorap saklamak üçin ähli kenarýaka döwletleriň we halkara institutlaryň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyna çuňňur düşünýändiginden gelip çykýar.
Türkmen döwletiniň öňe sürýän Hazar ekologik başlangyjy bu ugurda möhüm ädim boldy. Bu giň möçberli taslama deňiz gurşawynyň ýagdaýyna toplumlaýyn gözegçilik etmek, onuň hapalanmagynyň öňüni almak we ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini gorap saklamak üçin Hazarýaka döwletleriň ylmy kuwwatyny, tehnologik çözgütlerini we kadalaşdyryjy-hukuk gurallaryny birleşdirýän halkara gurala öwürmäge gönükdirilendir.
Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasy) düzgünlerini durmuşa geçirmek Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynda aýratyn orun eýeleýär. Ýurdumyz bu binýatlaýyn resminamany institusional taýdan pugtalandyrmak, taraplaryň yzygiderli duşuşyklaryny geçirmek we daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek boýunça teswirnamalary netijeli ornaşdyrmak ugrunda çykyş edýär.
Türkmenistanyň bu ýokary jogapkärçilikli çemeleşmesi milli derejede hem öz beýanyny tapýar. Hazar deňziniň türkmen kenarynda senagat desgalarynyň, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň taslamalary durmuşa geçirilende deňiz biosferasyna ýaramaz täsiri aradan aýyrýan “ýaşyl” tehnologiýalar we standartlar ulanylýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ekologiýa howpsuzlygynyň kadalaryna laýyklykda ösdürilip, häzirki wagtda şypahana infrastrukturasynyň we tebigatyň ajaýyp sazlaşygynyň nusgasyna öwrüldi.
Bioserişdeleri gorap saklamak bilen bir hatarda, Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgäp durmagy we howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak bilen baglanyşykly meseleler hem ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Türkmenistan Hazar deňzinde yzygiderli ylmy-barlaglary geçirmegiň we uzak möhletli geljek üçin bir bitewi öňüni alyş strategiýasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyna dünýä jemgyýetçiliginiň, şol sanda BMG-niň düzümleriniň ünsüni çekýär.
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Hazar ekologiýa sammiti hem ählumumy ekologiýa gün tertibini ilerletmekde möhüm waka bolup durýar. Bu forumyň hut Awazada geçirilmegi parahatçylyk döredijiligiň we ynanyşykly dialogyň merkezi hökmünde ýurdumyzyň ýokary halkara abraýyny tassyklaýar. Sammitiň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütler köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berip, Hazar deňzini geljekki nesiller üçin gorap saklamaga ýardam berer.
“Awaza” toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjy döwletleriň wekiliýet Baştutanlaryny mähirli garşylady.
Bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Hazar ekologiýa sammiti öz işine başlady.
Döwlet Baştutanymyz Hazarýaka döwletleriň Prezidentlerini Türkmenistanda tüýs ýürekden mübärekläp, Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şu günki waka aýratyn ähmiýete eýedir. Hazaryň ekologiýa meselesi aýratyn ugur hökmünde iň ýokary döwlet derejesinde ara alyp maslahatlaşmaga çykaryldy. Meniň pikirimçe, munuň özi Hazarýaka ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň ýokary jogapkärçilik derejesini görkezýär, emele gelen ýönekeý bolmadyk ekologiýa ýagdaýyny düzetmek, durnuklylaşdyrmak hem-de kadaly ýagdaýa getirmek üçin yzygiderli, toplumlaýyn, wagt babatynda çäklendirilmedik çäreleri hem-de tagallalary görmegiň zerurdygyna göz ýetirilýändigini tassyklaýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we muny diňe biziň umumy öýümiz hem-de bahasyna ýetip bolmajak mirasymyz bolan Hazar deňzini, onuň täsin tebigy baýlyklaryny hem-de bioköpdürlüligini gorap saklamak işinde hoşniýetli goňşulara, dostlara hem-de pikirdeşlere mahsus bolan bilelikde, açyk, ynanyşmak hem-de netijeli pikir alyşmak ýagdaýynda gazanyp boljakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ilkinji bolup Hazar ekologiýa başlangyjyny öňe sürmek hem-de onuň çäklerinde Hazar ekologiýa forumyny çagyrmak bilen, şeýle ýörelgelerden ugur alandygyny belläp, ähli Hazarýaka döwletlere ýurdumyzyň başlangyjyna düşünýändikleri hem-de goldaýandyklary we onuň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň meseleleri boýunça Hökümet Baştutanlarynyň orunbasarlarynyň derejesinde topary döretmek baradaky teklibi goldaýarys. Bu topar hakyky ylmy maglumatlar esasynda suwuň peselmegi bilen baglanyşykly oňaýsyz ýagdaýlara garşy durmak boýunça ylalaşylan çäreleri işläp taýýarlamaly hem-de teklip etmeli diýip hasap edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we bu wezipäni gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirmek üçin tabşyryk bermegi teklip etdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin onuň ýanynda alymlardan, bilermenlerden, hünärmenlerden hem-de bäş ýurduň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat ýöriteleşdirilen iş toparlaryny döretmegi teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu teklipleri doly goldaýandygyny hem-de toparyň işine işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy we onuň ilkinji mejlisini 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjanda geçirmegi teklip etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan şeýle hem Hazar deňziniň suw serişdelerini goramagyň Döwletara maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy goldaýar. Bu başlangyç Hazar deňziniň bioserişdelerini gorap saklamak hem-de rejeli peýdalanmak boýunça Türkmenistanyň garaýşyna doly laýyk gelýär.
Döwlet Baştutanymyz bäştaraplaýyn gurallaryň döredilmeginiň, hökümet we pudaklaýyn edaralar derejesinde utgaşykly çäreleriň kabul edilmeginiň, beýleki ähmiýetli hem-de zerur bilelikdäki tagallalaryň esas goýujy resminamalara — Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýa, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa, şeýle hem Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitleriniň barşynda gazanylan ylalaşyklara esaslanmalydygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň bu resminamalara hem-de çözgütlere ygrarlydygyny nygtady. Bu resminamalaryň ruhuna hem-de mazmunyna eýermek, ylalaşylan maksatlary we wezipeleri jogapkärli berjaý etmek Hazar ekologiýa meselesiniň her bir ugry boýunça üstünlik gazanmaga mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Tähran konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň ýedinji maslahatynyň üstünlikli geçendigini belläp, onuň dowamynda möhüm çözgütleriň, şol sanda hyzmatdaşlygyň bu formatynyň çäklerinde suwuň derejesiniň peselmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça bilelikdäki işlere degişli çözgütleriň kabul edilendigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz şunuň bilen birlikde, bäştaraplaýyn görnüşde netijeli çäreleriň kabul edilmegi bilen bir hatarda, halkara düzümler bilen anyk işleriň geçirilmegini ýola goýmagyň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň ähli Hazarýaka döwletleriň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary goldamak babatynda BMG-niň düzümleri, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen dialogy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýändigini aýtdy.
Hazarýaka döwletleriň jebisligi biziň esasy güýjümizdir. Bu jebislik köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, deňze belent sarpa goýýan hem-de ony söýýän halklarymyzyň aýratyn Hazar ruhuna hem-de dünýägaraýşyna esaslanýar. Biz bu täsin deňzi parahatçylygyň, ylalaşygyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi hökmünde gorap saklamalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bu gün bäştaraplaýyn dialogyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny, bu duşuşygyň möhüm mesele — Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegi boýunça ulgamlaýyn netijeli işiň badalga nokady boljakdygyny, ekologiýa gün tertibiniň beýleki ugurlary boýunça dogry ýoly salgy berjekdigini nygtady we şunuň bilen baglylykda, Hazar ekologiýa sammitini hyzmatdaşlygyň hemişelik hereket edýän platformasyna öwürmegi teklip etdi.
Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Hazarýaka döwletleriň Prezidentlerine hyzmatdaşlyga netijeli çemeleşýändikleri hem-de bilelikdäki işe taýýardyklary üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz çykyş etmek üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe söz berdi.
Prezident Ilham Aliýew Hazar ekologiýa sammitini geçirmek baradaky başlangyjy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de bu sammitiň Hazar deňziniň ekologiýa meselelerini çözmekde özara hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, asyrlaryň dowamynda Hazar deňzi kenarýaka ýurtlary we olaryň halklaryny birleşdirip gelýär. Häzirki wagtda Hazaryň ykdysady we strategik ähmiýeti has-da artýar. Hazar deňzi arkaly wajyp ulag we energiýa geçelgeleri döredilýär, iri halkara taslamalar amala aşyrylýar. Şeýle şertlerde Hazar giňişligini parahatçylygyň, durnuklylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň zolagy hökmünde saklap galmak wajypdyr. Munuň özi Hazarýaka döwletleriň ählisiniň bähbitlerine doly laýyk gelýär we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur şertleri döredýär. Şol bir wagtyň özünde, onuň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns bermek möhüm talap bolup durýar. Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny goramak kenarýaka döwletleriň ählisiniň umumy wezipesidir. Geçen ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyz tarapyndan giň şertnama-hukuk binýady kemala getirildi. 2018-nji ýylda gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa taryhy ähmiýete eýedir. Ol Hazarýaka döwletleriň köp ýyllyk bilelikdäki zähmetiniň netijesi boldy.
Şunuň bilen bir hatarda, Prezident Ilham Aliýew Hazar deňziniň häzirki wagtda ýüzbe-ýüz bolýan ekologiýa meseleleri barada belläp geçdi hem-de bu ugurda Hazarýaka döwletleriň tagallalaryny mundan beýläk-de birleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşy üçin Prezident Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirip, doganlyk Azerbaýjan üçin bolşy ýaly, Hazar deňziniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak meseleleriniň Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadygyny belledi hem-de ýurdumyzyň Hazar ekologiýa gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana söz berildi.
Prezident Masud Pezeşkian sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bu duşuşyga gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de sammitiň diňe bir özara düşünişmek barada däl, eýsem, halklarymyzyň umumy ykbaly, geljekki nesillerimiziň öňündäki wezipeler hem-de dünýäniň iň gymmatly tebigy miraslarynyň biri baradaky taryhy jogapkärçilik barada gepleşik geçirmäge mümkinçilik döredýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, kenarýaka döwletleriň umumy mirasy bolan Hazar deňzi häzirki wagtda düýpli we barha artýan wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Suwuň derejesiniň yzygiderli peselmegi we hapalanmagy, howanyň üýtgemegi, tebigy ýaşaýyş zolaklarynyň bozulmagy, deňiz serişdeleriniň azalmagy, biodürlüligiň köp sanly görnüşlerine ýitip gitmek howpunyň abanmagy uly ünsi talap edýän meselelerdir. Munuň özi diňe bir ekologik mesele bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebit üçin ykdysady, durmuş, ynsanperwer we hatda howpsuzlyk meselesine öwrüldi.
Prezident Masud Pezeşkian hiç bir ýurduň ýekelikde bu wehimleriň öňüni alyp bilmejekdigini, bu ugurda tagallalary mundan beýläk-de utgaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Hazar deňzini goramak, ilki bilen, umumy syýasy erki, yzygiderli hyzmatdaşlygy we ähli kenarýaka ýurtlaryň utgaşykly hereketlerini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlaryny we ilkinji nobatdaky wezipelerini beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz baý mazmunly çykyşy üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramaga aýratyn üns bermegi dowam etmegiň möhümdigini belledi hem-de Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegi bilen bagly meseläni çözmegiň özara hyzmatdaşlygyň iň wajyp ugurlarynyň biridigini, bu babatda hyzmatdaşlygyň özara kabul ederlikli ýollaryny gözlemegiň zerurdygyny aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz çykyş etmek üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe söz berdi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Hazar ekologiýa sammitini geçirmek baradaky başlangyjy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Hazaryň ýurtlarymyzyň halklary üçin strategik ähmiýetine ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, Hazar — bu özboluşly tebigy genji-hazynadyr, bütin Ýewraziýa kontinentiniň esasy ulag we energiýa merkezidir. Şonuň üçin Hazar deňziniň ekologiýa ulgamyny gorap saklamak, ilkinji nobatda, Hazarýaka döwletleriň aýratyn çemeleşmesini talap edýär.
Hazaryň ýüzbe-ýüz bolýan wehimleri diňe bir ekologiýa bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady ýagdaýdyr we bu ýagdaýyň netijelerini aradan aýyrmak üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmek zerurdyr. Eger-de degişli işler geçirilmese, bu ekologik ýagdaý diňe bir Hazarýaka ýurtlaryň halklarynyň däl, eýsem, bütin halkara bileleşigiň abadançylygyna zyýan ýetirer.
Suwuň derejesiniň peselmegi, howanyň üýtgemegi we antropogen täsir deňziň tebigy ulgamyna we bioköpdürlüligine ýaramaz täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ýurtlarymyzda Hazar deňzini gorap saklamak ugrunda tagalla etmek üçin ähli zerur şertleriň, ýagny syýasy dialogyň, halkara hukuk binýadynyň, degişli institutlaryň we ylmy tejribäniň bardygyny aýdyp, bu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi.
Çykyşynyň ahyrynda Gazagystanyň Prezidenti bilelikdäki tagallalar bilen Hazar deňzini goramak arkaly halklarymyzyň abadançylygynyň we umumy geljeginiň durnuklylygynyň üpjün ediljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirip, bu ugurda işjeň zähmet çekmegiň zerurdygyny, ylmy maglumatlary alyşmagyň, bilelikdäki barlaglaryň, zerur infrastrukturany ösdürmegiň we döwrebap gözegçilik tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň Hazar deňziniň möhüm meselelerini çözmek ugrunda wajyp serişdeler bolup durýandygyny belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bilelikdäki işe ýokary baha berýändigini aýdyp, tebigy we antropogen täsirleri aradan aýyrmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine söz berildi. RF-niň Prezidenti hemmeleri mähirli mübärekläp, türkmen tarapynyň birinji Hazar ekologiýa sammitini geçirmek barada möhüm başlangyç bilen çykyş edendigini aýtdy we bu başlangyjyň ähmiýetini belledi. Bellenilişi ýaly, Hazar deňzi kenarýaka döwletler üçin uly tebigy, ykdysady, ulag we taryhy-medeni ähmiýete eýedir. Ýurtlarymyz Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak boýunça hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Bu işe Hökümet, işewürlik we jemgyýetçilik düzümleri, şeýle hem ugurdaş ylmy hünärmenleriň giň gurşawy işjeň çekildi.
Deňiz derejesiniň peselmegi Hazar sebitiniň durmuş-ykdysady ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär. Bu Hazaryň üstaşyr logistika geçelgeleriniň maýa goýum özüne çekijiliginiň peselmegine, munuň bolsa, öz gezeginde, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň peselmegine, iş orunlarynyň ýitirilmegine we beýleki çylşyrymly ýagdaýlaryň döremegine getirip biler. Howanyň üýtgemegi hem bu meseläni has-da çylşyrymlaşdyrýar. Ortaça ýyllyk temperaturanyň ýokarlanmagy suwuň ýüzüniň bugarmagynyň işjeňleşmegine, düşýän ygal mukdaryna we guýulýan derýalaryň suw akymyna täsir edýär. Bu bolsa ýurtlarymyzdan Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak boýunça bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Wladimir Putin halkara düzümleriň kuwwatyndan doly derejede peýdalanmagyň zerurdygyny belledi.
RF-niň Prezidenti Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň peselmeginiň sebäplerini ýüze çykarmak we onuň ýaramaz netijeleriniň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamagyň möhümdigini aýdyp, bu ugurda durmuşa geçirilen işler barada belledi hem-de Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we Hazaryň ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdi.
Döwlet Baştutanymyz çuň mazmunly çykyşy üçin Prezident Wladimir Putine minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda Hazar deňziniň ekologik meseleleriniň öňkülerden hem has köp ünsi talap edýändigini aýtdy we Hazaryň soňky ýüz ýylyň dowamynda iň pes derejä ýetendigini, bütin dünýäde howanyň üýtgemeginiň Hazaryň suw deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýändigini, deňziň özboluşly ekoulgamyny saklap galmak üçin bilelikdäki zähmeti dowam etmegiň we tejribe alyşmagyň zerurdygyny nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün Hazar deňziniň gurşawyny goramak we ondan netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy hem-de dostluk, özara düşünişmek we hoşniýetli goňşuçylyk ruhundaky çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hazar deňzi biziň umumy baýlygymyzdyr we ol hemişe onuň kenarynda ýaşaýan halklary birleşdirýän parahatçylyk we ylalaşyk deňzi bolmalydyr. Hazar deňzinde biziň umumy maksatlarymyz bar. Onuň serişdelerini, özboluşly biologik köpdürlüligini gorap saklamak hem-de artdyrmak şol maksatlaryň biridir. Şu günki forum hem bäştaraplaýyn tagallalary birleşdirmekde möhüm ädim bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu günki mejlisiň bu ugurdaky işlere itergi berjekdigine, anyk ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge, Hazar deňzinde ylalaşylan we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýany işläp taýýarlamak üçin mehanizmleri döretmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow foruma işjeň we netijeli gatnaşandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, Hazar ekologiýa sammitini ýapyk diýip yglan etdi.
Soňra Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Hazar ekologiýa sammitiniň netijeleri boýunça Çözgüdine gol çekildi hem-de Hazar ekologiýa sammitinde Başlyklyk edijiniň Beýannamasy kabul edildi.
***
...“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky halkara çäreler tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyza ugramak üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň, Hazar ekologiýa sammitiniň üstünlikli geçirilmegi hem-de şol ýokary derejedäki duşuşyklarda möhüm çözgütleriň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda giň möçberli halkara çäreleriň üstünlikli geçirilmeginiň ýurdumyzyň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde başlangyçly orun eýeleýändigini görkezendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden paýtagtymyza ugrady.
Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.
Şeýlelikde, Hazar deňziniň ajaýyp türkmen kenarynda ýokary derejedäki çäreleriň üstünlikli geçirilmegi halkara diplomatiýanyň we netijeli dialogyň ykrar edilen merkezi hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornunyň barha pugtalandyrylýandygyny nobatdaky gezek subut etdi.