Türkmenistan, Eýran we Gazagystan sebitde bilelikdäki sanly geçelgäni döretmek barada ylalaşdylar
Amul Info ·

Türkmenistan, Eýran we Gazagystan Merkezi Aziýany Pars aýlagy sebitiniň döwletleri bilen birleşdirjek bilelikdäki sanly geçelgäni döretmek barada deslapky ylalaşyga geldiler. Ylalaşyk Dohada geçirilen Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň PP-26 maslahatynyň çäklerinde gazanyldy. Taslamanyň anyk…
Türkmenistan, Eýran we Gazagystan Merkezi Aziýa ýurtlaryny Pars aýlagy we onuň töweregindäki döwletler bilen birleşdirjek bilelikdäki sanly geçelgäni döretmek boýunça deslapky ylalaşyga geldiler. Bu barada Eýranyň «IRNA» habarlar agentligi habar berdi.
Ylalaşyk Kataryň paýtagty Dohada Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (ITU) PP-26 Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatynyň çäklerinde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşykda gazanyldy. Duşuşyga Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew, Eýranyň maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary ministri Seýed Sattar Haşemi hem-de Gazagystanyň emeli aň we sanly ösüş boýunça wise-ministri Dosjan Musaliýew gatnaşdylar.
Taraplaryň deslapky ylalaşygyna laýyklykda, geljekki hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary we şertleri indiki gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşylar. «IRNA» agentliginiň maglumatyna görä, gutarnykly ylalaşyga ýakyn wagtda gol çekilmegine garaşylýar.
Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 9–27-nji noýabr aralygynda geçirilýän ITU-nyň PP-26 maslahatyna gatnaşmak üçin Doha şäherinde saparda bolýar.
Saparyň dowamynda ministr ITU-nyň Baş sekretary Doreen Bogdan-Martin, Kataryň Kiberhowpsuzlyk agentliginiň ýolbaşçysy Abdulrahman bin Ali Al-Farahid Al-Malki hem-de Kataryň aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministri Muhammet bin Ali bin Muhammet Al-Mannaý bilen duşuşyklary geçirdi.