Toyota Hytaý bazary üçin Crown sedanynyň Premium Edition we Supreme Edition atly ýörite görnüşlerini tanyşdyrdy

Amul Info ·

Toyota Hytaý bazary üçin Crown sedanynyň Premium Edition we Supreme Edition atly ýörite görnüşlerin…

«Toyota Motor» kompaniýasy Hytaý bazary üçin Crown sedanynyň Premium Edition we Supreme Edition atly täze görnüşlerini tanyşdyrdy. Olar iki reňkli kuzowy, gara reňkli radiator gözeneginiň çarçuwasy we dürli ölçegdäki tigir diskleri bilen tapawutlanýar. Täze görnüşler 2,5 litrlik benzin hem-de…

«Toyota Motor» kompaniýasy Crown sedanynyň çep rully görnüşi üçin ýörite enjamlaşdyrylan iki sany täze görnüşi — Premium Edition we Supreme Edition modellerini hödürledi. Täze görnüşler Hytaý bazary üçin niýetlenendir.

Täze görnüşleriň adaty modelden tapawudy, esasan, daşky bezeg aýratynlyklary bilen baglydyr. Iki görnüşde-de awtoulagyň kuzowy iki reňkli görnüşde hödürlenýär. Olary Crystal Silver/Crystal Black (kümüşsöw we gara) hem-de Crystal Silver/Crystal White (kümüşsöw we ak) reňk utgaşmalarynda saýlamak bolýar.

Radiator gözeneginiň çarçuwasy goýy reňkde ýerine ýetirilipdir. Şeýle hem awtoulaglaryň enjamlaşdyrylyşyna uzak aralyga düşýän faralaryň ýagtylygyny awtomatik sazlamak ulgamy girýär. Premium Edition görnüşinde 19 dýuýmlyk, Supreme Edition görnüşinde bolsa 20 dýuýmlyk tigir diskleri oturdylypdyr. Salonyň deri örtügi gara ýa-da açyk goňur reňkde hödürlenýär.

Hytaýda Crown Sedan-yň täze ýörite görnüşleri diňe gibrid güýç gurluşy bilen üpjün edilýär. Ol 185 at güýjüne deň bolan 2,5 litrlik benzin hereketlendirijisinden we kuwwaty 178 at güýjüne barabar bolan elektrik hereketlendirijisinden ybarat. Ýangyç bakynyň göwrümi 84 litr bolup, awtoulag yzky tigirlerden hereket alýar.

Hytaý bazarynda Toyota Crown Sedan-yň täze görnüşleriniň bahasy 44 müň ABŞ dollaryndan başlanýar.

Crown modeli Türkmenistanda hem birnäçe ýyl bäri uly isleg bildirilýän awtoulaglaryň hatarynda durýar.

Источник: Amul Info