Türkmenistanda FLEX programmasynyň seneleri belli boldy
Amul Info ·

FLEX gatnaşyjylary üçin synag 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçiriler. Hemme ýerde sagat 09:00-da başlanar.
Türkmenistanda FLEX programmasynyň geçiriljek seneleri belli boldy. Synag 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň birnäçe şäherinde geçiriler we hemme ýerde sagat 09:00-da başlanar.
Mary welaýatynda synag 3-nji ýanwarda Mary şäherindäki 19-njy orta mekdepde geçiriler. Lebap welaýatynda gatnaşyjylar 5-nji ýanwarda Türkmenabat şäherindäki 2-nji orta mekdepde ýygnanar. Daşoguz welaýatynda synag 7-nji ýanwarda 4-nji orta mekdepde geçiriler.
Balkan welaýatynda synag iki gün dowam eder: 9-njy ýanwarda Balkanabat şäherindäki 3-nji mekdepde, 10-njy ýanwarda bolsa Türkmenbaşy şäherindäki 10-njy orta mekdepde. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde synag 11-nji ýanwarda 20-nji orta mekdepde geçiriler.
Synag güni ýanyňyzda asyl dogluş hakyndaky şahadatnama ýa-da pasport, 3x4 ölçegdäki bir sany surat, gara ruçka bolmaly hem-de mekdep lybasynda gelmeli. Gatnaşýanlara üstünlik arzuw edýäris!