Türkmenistan Kazan Digital Week – 2026 halkara forumynda emeli aň boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen teklipleri hödürledi

Amul Info ·

Türkmenistan Kazan Digital Week – 2026 halkara forumynda emeli aň boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge g…

Türkmenistan Kazan şäherinde geçirilýän «Kazan Digital Week – 2026» halkara forumynda emeli aň we sanly tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tekliplerini hödürledi. Türkmenistanyň wekiliýeti bilimde, saglygy goraýyşda, ulagda we ykdysadyýetde emeli aň çözgütlerini ulanmak…

2026-njy ýylyň 29–31-nji oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde Kazan Digital Week – 2026 halkara forumy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň orunbasary Berdimyrat Berdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşýar.

«Kazan EKSPO» halkara sergi merkezinde geçirilýän forum dünýäniň 76 ýurdundan 20 müňden gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemledi. Çärä döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, işewürler, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri hem-de sanly tehnologiýalary işläp taýýarlaýjy hünärmenler gatnaşýarlar.

Şu ýylky forumyň esasy mowzugy emeli aň tehnologiýalaryny amaly taýdan ulanmak bilen bagly boldy. Gatnaşyjylar sanly senagaty ösdürmek, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, şeýle hem emeli aň we beýleki sanly çözgütleri senagatda, döwlet dolandyryşynda, saglygy goraýyşda, bilimde, oba hojalygynda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Halkara forumyň dabaraly açylyşynda çykyş eden Berdimyrat Berdyýew Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň giň gerimli Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilýändigine ünsi çekdi. Ol ýurduň öz sanly ösüş ugruny kemala getirýändigini we Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasyndaky möhüm üstaşyr ugurlaryň çatrygynda ygtybarly sanly köpri bolmaga ymtylýandygyny belledi.

Çykyşda emeli aň çözgütlerini döwlet we durmuş ulgamlarynda ulanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem maglumat berildi. Hususan-da, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda şahsylaşdyrylan okuw ulgamlary hem-de keselleri ir ýüze çykarmaga gönükdirilen algoritmler ornaşdyrylýar. Ykdysadyýetde bolsa hasyllylygy çaklamak we ulag akymlaryny akylly dolandyrmak ulgamlaryny işe girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Arkadag şäheriniň «akylly» we ekologiýa taýdan durnukly şäheriň nusgalyk modeli bolup durýandygyny nygtady. Şäheriň infrastrukturasy öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryna we «ýaşyl» çözgütlere esaslanýar. Şäher dolandyryşynyň we howpsuzlygynyň bitewi platformasyna zatlaryň interneti (IoT) hem-de emeli aň tehnologiýalary birleşdirilendir.

Kazan Digital Week – 2026 halkara forumynyň esasy meýdançalarynyň biri hem tehnologik işläp taýýarlamalaryň sergisidir. Onda döwlet edaralarynyň, iri kompaniýalaryň we tehnologiýa başlangyçlarynyň sanly çözgütleri görkezilýär.

Источник: Amul Info