«Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasy geçirilýär

Turkmenistan RSS Feed ·

Türkmen döwlet maliýe instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada 27-nji noýabrda ýerli wagt bilen sagat 12:00-da geçiriler. Bäsleşik türkmen, iňlis we rus dillerinde özbaşdak bäsleşik görnüşinde guralar.

Olimpiada her bir ýokary okuw mekdepden hünärine we okuw ýylyna garamazdan, 4-den köp bolmadyk talyp gatnaşyp biler.

Gatnaşyjylara «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» boýunça 10 sany ýumuş hödürlener we olary çözmek üçin 120 minut wagt berler. Bäsleşigiň eminler toparynyň düzümine Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylym-bilim edaralarynyň wekilleri girer.

Gatnaşyjylaryň hasaba alnyşy 21-nji noýabra çenli dowam eder. Olimpiada gatnaşmaga arza bermek üçin gatnaşyjylar baradaky maglumatlary guramaçylyk toparynyň tdmai.tbm@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermeli.

Gatnaşyjylaryň netijeleri toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlener we institutyň resmi web sahypasynda — ýerleşdiriler. Şeýle hem bu saýtda olimpiadanyň geçirilmegi we oňa gatnaşmak üçin arzalary resmileşdirmegiň tertibi barada goşmaça maglumatlar berilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 49 88 52, +993 65 65 12 44, +993 65 01 74 85.

«Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» boýunça Açyk halkara internet olimpiadasy zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, talyplaryň pikirleniş ukyplaryny we dünýägaraýşyny ösdürmek, olaryň bu ders boýunça nazary bilimlerini çuňlaşdyrmak we amaly başarnyklaryny kämilleşdirmek, şeýle hem özbaşdak dolandyryş çözgütlerini kabul etmäge we hünär gurşawynda erkin ugur tapmaga ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen geçirilýär.

Guramaçylar gyzyklanma bildirýän ähli talyplary olimpiada gatnaşmaga çagyrýarlar we geçiriljek bu bäsleşigiň türkmen hem-de daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda akademiki gatnaşyklary giňeltmek, dostlukly gatnaşyklary berkitmek we tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirýärler.

Источник: Turkmenistan RSS Feed