Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Amul Info ·

Döwlet Baştutany pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnamagy, bugdaý meýdanlarynda idegi talabalaýyk alyp barmagy we gurluşygyň hiline berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A. Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilýär, hususan-da, gögeriş we ösüş suwy tutulýar. Welaýatlarda azyklyk ekinleriň hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça işler geçirilýär. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnap almak işleri dowam edip, Mary welaýatynda gant şugundyry ekilen meýdanlarda hasyly ýygnap almaga taýýarlyk görülýär. Şeýle hem şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak işlerini berk gözegçilikde saklamagy, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk alyp barmagy, haşal otlara garşy göreş çärelerini wagtynda geçirmegi, gögeriş we birinji ösüş suwuny wagtynda tutmagy tabşyrdy.
Içerki bazarlary üpjün etmek üçin gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini talabalaýyk ýygnap almagyň, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga gowy taýýarlyk görmegiň, bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin hasaplaşyklary wagtynda geçirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.