Öňdebaryjy ýaşlar 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglanar
Amul Info ·

16-njy noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli öňdebaryjy ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşurylar. Ylym, bilim, sport, saglygy goraýyş, medeniýet, ykdysadyýet, senagat we oba hojalygy ulgamlarynda üstünlik gazanan…
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli öňdebaryjy ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy geçiriler. Çäräni 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirmek meýilleşdirilýär.
Bu barada 13-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B. Mämmedow hasabat berdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaşlaryň köp sanlysy ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle hem welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan baýrak bäsleşigine hödürlenildi.
Bäsleşigiň netijesinde ylym, bilim, sport, saglygy goraýyş, medeniýet, ykdysadyýet, senagat we oba hojalygy ulgamlarynda üstünlik gazanan ýaşlar baýragyň eýeleri hökmünde saýlanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirilýän özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny we işjeňligini görkezen ýaşlar baýraga mynasyp görüldi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygyna bagyşlanan baýrak gowşurylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.