Teatr möwsüminiň täsirli başlangyjy

Turkmenistan RSS Feed ·

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary üçin täze teatr möwsüminiň başlangyjy şatlykly we täsirli wakalara baý boldy. Şu aýyň ikinji ýarymynda teatryň artistleriniň bir topary Lebap we Mary welaýatlaryna döredijilik saparyny amala aşyrdy.

Hususan-da, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň adybir eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Saňa ýetermi owazym?» atly eseri uly üstünlik bilen görkezildi. Daşoguz welaýatynyň teatrynyň baş režissýory Guwanç Baýmedowyň sahnalaşdyran bu spektakly özboluşly çeperçiligi bilen tapawutlanýar.

Sahna oýnunda dürli täsirli sahna usullary, çuňňur many-mazmuna eýe bolan nyşanlar, saz we horeografiýa çykyşlary özara sazlaşykly utgaşýar. Beýleki sahna oýunlaryndan tapawutlylykda, bu spektaklda bary-ýogy iki artist çykyş edýär. Muňa garamazdan, hakykatyň geçmiş bilen utgaşýan çylşyrymly wakalary, gahrymanlaryň kalbyndan syzylyp çykýan tüýs ýürekden aýdylan monologlary eseri adaty iki aktýorly spektakldan has baý mazmunly we täsirli edýär.

Ýyllaryň dowamynda kalplarda saklanyp galan söýgi baradaky bu sahna eserinde wakalar hatlaryň üsti bilen açylyp görkezilýär. Könelen konwertleriň içindäki hatlar arkaly gahrymanlaryň ruhy dünýäsi, häsiýet aýratynlyklary aýdyň ýüze çykýar. Sahna eseriniň ahyrynyň gowy tamamlanmagy hem tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrýar. Gahrymanlaryň öz söýgüsi ugrunda göreşmegi, birek-biregiň ýalňyşlaryny bagyşlap bilmegi eseriň esasy mazmunyny düzýär.

Liriki dramadaky baş keşpleri teatryň zehinli artistleri Ogulgereк Şyhyýewa we Begli Dowlyýew ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylaryň uly gyzyklanmasyna eýe bolan bu sahna eseri soňra Mary welaýatynyň tomaşaçylaryna-da görkezildi.

Teatryň döredijilik topary Daşoguz welaýatynda hem işjeň döredijilik işlerini alyp barýar. Täze möwsümiň başynda dramaturg O. Öwezowyň adybir pýesasy esasynda taýýarlanan «Synag» atly spektaklyň görkezilişi boldy. Şeýle hem Daşoguz şäheriniň körpe tomaşaçylary teatryň sahnasynda türkmen halk ertekileriniň esasynda taýýarlanan «Tilki dostlugy» atly erteki-spektakla tomaşa etdiler.

Tiz wagtdan teatryň döredijilik topary «Saňa ýetermi owazym?» atly spektakly öz teatrynyň sahnasynda görkezmek bilen, tomaşaçylara ýene-de ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berer.

Источник: Turkmenistan RSS Feed