«Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň ýokary hilli önümleri
Turkmenistan RSS Feed ·
Ýurt Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilen 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem okgunly ösüşlere, beýik tutumlara beslenýär.
Ýurt Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilen 2026-njy ̶ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem okgunly ösüşlere, beýik tutumlara beslenýär. Ata Watanymyzyň binagärlik keşbini kesgitleýän başy Göge, görki kalba uzaýan dürli maksatly binalardyr desgalaryň, zemine zynat berýän gurluşyklary raýatlarymyzyň bagtyýarlygyna öwrülýär.
Elbetde, ýurtda gurluşyk işlerini bökdençsiz alyp barmak üçin ýeterlik mukdarda dürli görnüşli gurluşyk serişdeleri gerek. Bu mesele bolsa, ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler netijesinde sazlaşykly çözülýär. Berkarar Diýarymyzda döwlet eýeçiligindäki kärhanalar bilen birlikde hususyýetçilige degişli dünýä ülňülerine laýyk gelýän gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalaryň sany barha artýar. Özüniň öndürýän ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşarda hem giňden tanalýan şeýle kärhanalaryň biri «Ak bulut» hojalyk jemgyýetidir. Bu hojalyk jemgyýetine degişli gurluşyk harytlaryny öndürýän zawodlaryň üçüsi bolup, olaryň biri Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň «Dostluk» şäheriniň çäginde ýerleşýär.
Gurluşyk serişdeleriniň 150 töweregi görnüşini öndürýän bu kärhananyň her ýyly ýokary görkezijiler bilen tamamlamagy bu ýerde işleriň göwnejaý guralandygyna şaýatlyk edýär. Döwrebap önümçilik desgasynyň ýylyň dowamynda 50 müň tonna gury garyndy gurluşyk materiallaryny, şeýle-de 4 million inedördül metr gipsokardon gurluşyk serişdesini öndürmäge mümkinçiligi bar. Önümçilik desgasy Germaniýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýe döwletiniň kämil tehnologik enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, sanly ulgam arkaly dolandyrylýar. Bu ýerde kuwwatly tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanmak arkaly ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmak ugrunda üznüksiz işler alnyp barylýar.
Netijede, kärhanada öndürilýän bäsleşige ukyply ýokary hilli önümlere islegler günsaýyn artýar. Kärhanada her ýylda gurulýan binalaryňdyr desgalaryň diwarlaryny örtmek üçin ulanylýan gury garyndylaryň 60 müň tonna çemesi, asma petikleriň 4 million inedördül metri we 7 müň tonna sinklenen metal profilleri we aksessuarlary öndürilýär. 350-ä golaý işçi-hünärmeniň zähmet çekýän bu hojalyk jemgyýetiniň yzygiderli gözlegdedigini hem bellemek möhümdir. Ol hem özüniň oňyn netijelerini berýär.
Kärhananyň hünärmenleri tarapyndan Köýtendagyň topragynyň, magdan we magdan däl daşlarynyň düzümini içgin öwrenilmegi we synag işleriniň geçirilmegi netijesinde daşky diwar üçin gyzgynlygy we sowugy, çyglylygy hem-de sesi geçirmeýän «Boardline» diýlip atlandyrylýan täze gurluşyk serişdesiniň önümçiligi ýola goýlupdyr. Hojalyk jemgyýetinde önümçiligiň gerimi hem barha giňeýär. Üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli häzirkizaman enjamlary ornaşdyrylan täze desgany işe girizmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde bu hojalyk jemgyýetiniň giňden ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň öndürilişini ep-esli artdyrar.